Aşgabatda sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň çeklerinde ak mermerli paýtagtymyzyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan işleriň we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýerleşdiriljek ýerleri, onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz Aşgabadyň taryhynyň dürli döwürlerinde döredijilik işgärleriniň, aýdymçylaryň we kompozitorlaryň täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny belläp, bu ýerde, Giňdiwaryň eteginde Magtymguly Pyragynyň toplumy ady bilen döredijilik işgärleri üçin niýetlenen merkeziň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prpezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki döwürde bu ýerde sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Şeýle hem bu ýerden geçýän tebigy sil akabalarynyň durky täzelenip, olar häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylýar. Bu ýerleriniň sil suw akabalaryny Garagum derýasynyň demirgazygyndaky suw akabasyna birikdirilýär. Şeýlelikde, jemlenýän sil we ýagyn suwlary bir bitewi ugra birigip, “Altyn asyr” Türkmen kölüne tarap gidýän akaba goşular.
Toplumyň gurluşygynyň hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleriniň Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Häzirki döwürde sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşygynda tehnikalaryň 900-si ulanylýar. Şolardan 100 tehnika gurluşygy ýerine ýetirýän düzüme degişli bolup, galan 800 tehnika ýurdumyzyň şahsy taraplaryna degişlidir.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.