Ylmy-tejribe seminary geçirildi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda internet wideoaragatnaşyk arkaly halkara Nebitçi inženerçilik jemgyýeti (Society of Petroleum Engineers — SPE) bilen «Uly gazly karbonat gatlakly känleri işläp geçmekligiň tejribesi» atly mowzuk bilen ylmy-tejribe seminary geçirildi.
Onuň meýilnamasyna laýyklykda, Nebitçi inženerçilik jemgyýetiniň (SPE) sebitleýin direktory Ignatiý Wolnow, känleri işläp geçmek bölüminiň başlygy Denis Fomin, esasy utgaşdyryjysy Ýaraslawa Orlowa dagy «Işläp geçmegiň dürli tapgyrlarynda çylşyrymly karbonat gatlakly gaz guýularyny özleşdirmegiň tejribesi», «Çözgütleri kabul etmek üçin esasy faktor hökmünde gatlagy modelirlemegiň ähtimallyklary», SPE halkara jemgyýetiniň elektron kitaphanasynda makalalaryň saýlanylyşy, ýakyn wagtda geçirilmeli çäreler» atly mowzuklar bilen çykyş etdiler.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň we Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň alymlary, hünärmenleri tarapyndan «Society of Petroleum Engineers» halkara jemgyýeti bilen tebigy gaz ýataklaryny ylmy taýdan öwrenmek we esaslandyrmak, barlaglaryň has netijeli ugurlaryny kesgitlemek, tebigy gazy gaýtadan işlemek, gazhimiýa pudagyny ösdürmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de häzirki zaman programma üpjünçiligini ulanmak bilen känleri rejeli işläp geçmek boýunça özara pikir alyşmalar beýan edildi.
Seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny belent ösüşlere ýetiren Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.