Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
25-nji martda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem-de «Sumitomo Corporation» ýapon kompaniýasynyň direktory Gota Iwanami hem gatnaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda, hususan-da Ýaponiýada öndürilen ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikasynyň Türkmenistana getirilmegi bilen bagly degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki taslamalaryň netijelerine, şol sanda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.
Taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky ynanyşmak hem-de özara gyzyklanmalaryň nazarda tutulmagyna esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçdiler.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.