Habarlar

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri ýokary depginde dowam etdirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/958/original-16060934791e1e.jpeg

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri ýokary depginde dowam etdirilýär hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp, bu awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Halkara ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak hem-de bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek maksady bilen “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň binýadynda “Ulag hyzmatlary” ýolagçy gatnatma kärhanasyny döretmek göz öňünde tutulýar.

“Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy awtobuslaryny hem-de ýeňil awtoulaglary satyn almak baradaky teklipler öwrenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň awtoulag menzilleriniň hyzmatyndan şertnamalaýyn esasda peýdalanmak arkaly ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallalary bilen ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň hem-de çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasy gurulýar, olar Watanymyzyň yklymyň örän möhüm söwda ýollarynyň halkara merkezi hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän döwrebap we ýokary netijeli ulag düzümlerini kemala getirýär.

Ýokary depginde gurluşygy alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň halkara ölçegleriniň ähli talaplaryna doly gabat gelmegi üçin ähli tagallalar edilýär, munuň özi Türkmenistanyň möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Ussat news

Başga habarlar
16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.


16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.

16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.