Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.
Geçen ýylda ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki talaplara laýyk ösdürilip ýetişdirilýän, tagamy, ýokumlylygy babatda esasy miweleriň hatarynda durýan zeýtunyň bitginli hasylyny ýygnamakda, olary sebitiň ak bazarlaryna elýeterli nyrhlardan çykarmakda mynasyp işler alnyp baryldy. Başarjaň, guramaçy telekeçiniň ajaýyp künjekdäki zeýtun agaçlarynyň sany 2 müň 100-e ýetýär. Bu ýerde 2016-njy ýylda oturdylan ýaş nahallaryň 500-e barabar düýbi bar. Zeýtunyň her düýbünden ortaça 30 — 40 kilogram hasyl ýygnaldy.
Bagçylyk bölümlerinde 2019-njy ýylda ekilen 1 müň 600 düýp zeýtun agajy ilkinji gezek şirin miwelerini bolluk bilen eçilipdir. Möwsüm döwründe zeýtun hasylynyň 5 tonnasy ýygnaldy.
Tejribeli telekeçiniň ak bazarlarda sarp edijilere ýetirýän, şeýle-de ekologiýa taýdan arassalygy, tagamlylygy, ynsan bedenine ýokumlylygy bilen tapawutlanýan zeýtun miweleriniň möçberi bu gün has artýar.
Etregiň subtropik howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän bu baglar dünýäniň beýleki ýurtlaryndaka garanyňda, 40 — 45 gün öň hasyl berip başlaýar. Onuň ýaglylygy 10 — 15 göterim ýokarydyr. Zeýtun iýýän adamyň endamynyň öýjükleri dikelýär. Aşgazanda ýara, böwrekde daş bolsa hem zeýtun iýmek maslahat berilýär. Ol ýürek-damar keselleriniň howpuny azaltmakda-da peýdalydyr.
Lukman alymlarynyň aýtmagyna görä, onuň süýnmek görnüşli miwesiniň 70 göterimini ýag tutýar. Düzüminde hem adamyň beden agzalary üçin diýseň gymmatly melhemler jemlenendir. Aýratynam, onuň bişen miwelerinden alynýan ösümlik ýagy dünýädäki ähli görnüşli ýaglardan tapawutlanýar. Köp keselleriň garşysyna berhiz saklamakda, şeýle-de islendik nahar taýýarlananda onuň ýakymlylygy, ýokumlylygy babatda zeýtun ýagy bilen başga hiç bir ýag bäsleşip bilmez. Bu ýag bedende dörän näsazlyklary kadalaşdyrýar. Galyberse-de, ösümlik ýaglarynyň içinde iň köp witamin zeýtun ýagynda bolýar.
Täsin miwe hakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem aýratyn nygtalyp geçilýär.
Müň bir derdiň dermany bolan zeýtun ýagy derman, dokma, azyk, parfýumeriýa senagatynda, ýokary hilli maldarçylyk, balyk önümlerini taýýarlamakda, şeýle-de sabyn, lak, reňk-boýag kärhanalarynda gymmatly çig mal hatarynda durýar.
Nowruz GÜÝJOW,
«Altyn asyr:Türkmenistan»
teleradioýaýlymynyň bölüm müdiri.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.

Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.

Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar
Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)
Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:

TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.