Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew

08:57 31.03.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/982/original-160642518ad5c0.jpeg

Halypa artist Anna Meläýew kino we sahna eserlerinde ençeme keşbi döretdi, çeper filmlere ses bermäge gatnaşdy. Ol ýüz keşbi, hereketleri, sözleýiş äheňi bilen sahnada janlandyrýan gahrymanlarynyň häsiýet aýratynlyklaryny tomaşaça ýetirmäge ussat. Şeýdibem ol milli ýa-da daşary ýurt eserleri bolsun, tomaşaçyny döredýän keşbiniň dünýäsinde ýaşadyp bilýär.

Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew häzir Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyp ýaşlara bilim berýär. Ýakynda zehinli artistiň maşgala ojagynda onuň bilen söhbetdeş bolduk.

— Anna mugallym daşary ýurtlaryň teatr sahnalaryndaky çykyşlaryňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

Diýarymyzyň daşary ýurtlarda geçirilýän Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe döwletleriň sahnasynda «Aşyklar şasy» monospektaklym bilen Mollanepesiň keşbinde çykyş etmek miýesser etdi. Gyrgyz we Gazagystan Respublikalarynda Sofoklyň «Edip şa» eseri bilen çykyş etdik, men Edibiň keşbini janlandyrdym, aýalym Urmatkan bolsa Lokastanyň keşbini janlandyrdy.

Şeýle hem Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde 45 günläp taýýarlyk görüp, Fransiýada dört gezek «Korol Lir», üç gezek «Gamlet» sahna eserleri bilen çykyş edip, Lansi şäherinde geçen teatr festiwalyna-da gatnaşdyk. Şekspiriň «Globus» atly göçme teatrynda hem çykyş etdik.

— Gazanan üstünlikleriňizde halypalaryňyzdan kimiň hyzmatyny aýratyn belläsiňiz gelýär?

— Teatr hem-de kino sungatynda ussat halypalardan tälim aldyk. Ýöne daşary ýurt sahnalarynda çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolmagymyzda meniňem, Urmatkanyň hem halypasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Öwlüýaguly Hojagulyýewiň hyzmatyny aýratyn ýatlasym gelýär. Ol «Korol Lir», «Solomeýa», «Medeýa», «Edip şa», «Gamlet», «Jelaleddin» atly sahna eserleriniň ählisine režissýorlyk etdi.

— Siz ýurdumyzda ilkinji bolup ýeke aktýorly teatry döretdiňiz.

— Hawa 1996-njy ýylyň güýzünde Ukrainanyň Lwow şäherinde «Altyn şir — 96» halkara teatr festiwalynda «Korol Lir» monospektaklynyň ilkinji görkezilişinde çykyş etdim. Şol festiwalda-da Urmatkan bilen tanyşdyk. Ol Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäher teatryndan «Amidzima» spektakly bilen gatnaşdy. Özem «Iň gowy zenan keşbi döredenligi üçin» diýen baýraga mynasyp boldy.

— Anna mugallym, siz 2018-nji ýylda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwalynda «Iň gowy halypaçylyk işi üçin» diýen baýraga mynasyp bolduňyz.

— Hawa. Halypalardan öwrenip toplan tejribämizi şägirtlere geçirmek borjumyz. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda giň ýol açdy. Men öz talyplarym bilen ýurdumyzda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara festiwalyna-da iki gezek, Türkiýede geçirilen Türki halklaryň döwlet teatrlarynyň halkara festiwalyna hem gatnaşdym. Halkara derejeli sungat meýdançasynda çykyş etmek bolsa, talyplar üçin uly mekdep.

— Siziň maşgalaňyz babatda hakyky sungat adamlarynyň maşgalasy diýsek, ýalňyş bolmasa gerek.

— Hawa, bu, hakykatdanam, şeýle. Aýalym Urmatkan režissýor, gyzym Aýperi suratkeş, gelnimiz Dilşat paýtagtymyzdaky Baş drama teatrynyň artisti, uly oglum Guwanç «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň alypbaryjysy, ekiz ogullarym Kowus we Kyýas Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk mekdebiniň tans bölüminde okaýar. Agtygym Aýşat sahna, tans gurnaklara gatnap çykyş edýär.

— Anna mugallym, söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň! Size mundan beýläk hem döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

Söhbetdeş bolan Akgül SAPAROWA,

                                           USSAT NEWS.

Başga makalalar
16087d13f4eedd.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi GARÝAGDYÝEW

Hemmemiziň ýadymyzda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde “ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY” atly döwletara baýragyna mynasyp bolan adamlary sylaglamak dabarasy. Bu ýokary sylaga ilkinji gezek ýurdumyzyň wekili — Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi GARÝAGDYÝEW mynasyp boldy.


15f7c864a1531b.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA bilen bolan söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Çünki sungata ýüregi bilen berlen adamda saýlap alan käri barada aýdara zat köp bolýar, sungat bolsa uç-gyraksyz täsirli dünýä. Şol täsirler seni özüne bendi edip, duýguly dünýä sary alyp gidýär.


1608556950c38e.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi ÇARYÝEW

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly Pyragy ýubileý medalynyň eýesi Kakageldi ÇARYÝEWIŇ ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda, şanly toý-baýramlarda mylaýymdan ýakymly ses bilen ýerine ýetirýän aýdymlary kalplara aralaşyp, her bir adama ruhy lezzet berýär.


16040fe227d289.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Almagül NAZAROWA

Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan aýdymçy zenan, dessançy bagşy Almagül Nazarowa bilen söhbetdeş bolup, onuň sungat ýoly barada beren täsirli gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.


160899e3947e6e.jpeg
Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenko (Arhiwden alynan söhbetdeşligimiz)

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde guralan belli «Sýabry» belarus toparynyň konserti uly üstünlige beslendi. Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenkonyň ýolbaşçylygyndaky belli döredijilik topary iki sagadyň dowamynda dünýäde diňleýjileriň millionlarçasynyň kalbyna siňen heňleri we öz täze aýdymlary ýerine ýetirdi.