Makalalar

Ylma baglanan ömür

https://ussatnews.com/storage/posts/994/original-16067589685e8d.jpeg

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki ylymlar müdirliginiň başlygy, akademik kätip, TYA-nyň habarçy-agzasy, tehniki ylymlaryň doktory Rahmanguly ESEDULAÝEW häzirki günde ýurdumyzda gaz känlerini işläp geçmek boýunça iň tejribeli hünärmenleriň biri hökmünde tanalýar. Halypa alymyň geçen zähmet we döredijilik ýoluna ýyllaryň belentliginden ser salsaň, onuň türkmen ylmyna goşan goşandy hakynda söhbet açmaga esas berýär.

Terjimehaldan

R.Esedulaýew 1949-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Kaka etrabynyň Mehinli obasynda gullukçynyň maşgalasynda eneden doguldy. 1966-njy ýylda obadaky 4-nji orta mekdebi tamamlap, şol ýylda Türkmen politehniki institutynyň (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) nebitçilik fakultetine okuwa girdi we ony 1971-nji ýylda «Nebit we gaz ojaklaryny işläp bejermegiň tehnologiýasy we kompleksleýin mehanizasiýasy» hünäri boýunça üstünlikli gutardy. Ojak gazsenagat dolandyryşyna işe iberilen ýaş hünärmen ol ýerde 1972-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli işledi we ondan soňra Türkmen politehniki institutyna aspirantura girdi. 1975-nji ýylda aspiranturany gutarandan soň, şol ýylyň oktýabr aýynda gazy taýýarlamak boýunça Bütinsoýuz ylmy-barlag institutynyň Türkmenistandaky toplumlaýyn ylmy-barlag bölümine işe girdi. Soňra bu ylmy-barlag bölüminiň esasynda institut döredilip, Moskwadaky Bütinsoýuz ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň şahamçasynda uly inžener wezipesinde işe başlap, şol wagtdaky Nebit we gaz institutynda direktoryň ylym baradaky orunbasary wezipesine çenli zähmet ýoluny geçdi.

Terjimehaldan alnan, göräýmäge gurak teswirlenýän maglumatlaryň aňyrsynda iňňän uly zähmet ýoly ýatyr. Ol ýol öz hünäriňe berlenlik bilen çekilen zähmet, yhlasly gözlegler, täzeçillige, ylym dünýäsinde öz sözüňi aýdyp bilmeklige ymtylyş ýoludy.

Hakykatda onuň saýlap alan hünärine bolan höwesi heniz mekdep ýyllarynda döräpdi. Ol orta mekdepde fizika, matematika, himiýa sapaklaryna uly üns berip, şonuň bilen bir hatarda radioda, telewideniýede nebit we gaz, olaryň çykarylyşy bilen baglanyşykly berilýän gepleşikleriň hemmesini diýen ýaly diňlärdi.

Institutda okan ýyllarynda bolup geçen bir wakany ol durmuşyndaky öwrülişikli pursat hökmünde häli-häzirem ýakymly ýatlaýar. Onuň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetiren ylmy-barlag işleri gowy baha mynasyp bolup, 1970-nji ýylda ol Moskwadaky I.M.Gubkin adyndaky Nebithimiýa we gaz senagaty institutynda talyplaryň arasynda geçirilen XXV ylmy-tehniki maslahata gatnaşýar hem-de birinji orna mynasyp bolýar. Bu waka onuň kalbynda uly yz goýýar hem-de ýaşlyk hyjuwy bilen ylmy işler bilen meşgullanmagyna uly höwes döredýär.

R.Esedulaýew 1975-nji ýyldan bäri işlän döwründe Döwletabat, Şatlyk, Malaý, Gündogar Ýolöten — Osman ýaly uly göwrümli känleri işläp geçmek boýunça taýýarlanan taslamalara ýolbaşçylyk edýär. Günorta Ýolöten — Osman we Ýaşlar känleriniň üç ölçegli geologik-gidrodinamik şekilini we gaz gorlaryny hasaplamaga gatnaşýar. Ol öz döwründe ýurdumyzda gaz we gazkondensat känleriniň ençemesini, şol sanda Demirgazyk Balguýy, Seýrap, Tejen känlerini açmak işlerine hem işjeň gatnaşýar.

1976-njy ýyldan bäri ol utgaşdyrma esasynda Türkmen politehniki institutynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça mugallymçylyk edýär. Ýeri gelende aýtsak, R. Esedulaýew halypa-şägirt ýoluna uly ähmiýet berýär. Onuň şägirtlerinden Bibijan Saryýewa häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda uly mugallym, Batyr Mämmedow Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ylmy işler boýunça prorektor bolup işleýär. Halypa alymyň ylmy ýolbaşçylygynda häzire çenli 12 sany kandidatlyk dissertasiýasy taýýarlanyp, 3 sany kandidatlyk işi üstünlikli goraldy. Onuň ylmy maslahatçylygynda 5 sany dalaşgär doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlady.

Halypa alymyň özi 1979-njy ýylda «Gaz we gazkondensat ulgamlarynyň süzülmesindäki termodinamiki effektler» atly kandidatlyk we 1994-nji ýylda «Suwdyňzaw düzgünindäki tebigy gaz känleriniň gaz berijiligini köpeltmegiň nazary we tehnologik esasyny işläp taýýarlamak» atly doktorlyk dissertasiýalaryny gorap, tehniki ylymlaryň kandidaty, doktory diýen alymlyk derejelerine eýe boldy.

Häzirki wagta çenli öz kärine berlen, zähmetsöýer alymyň 250-den gowrak ylmy-usulyýet işleri çap edildi. Ol işleriň 30-a golaýyna patent alyndy we önümçilige 6 sanysy ornaşdyrylyp, 40 million manat ykdysady netije gazanyldy. Bulardan başga-da, köp ýyllyk iş tejribesine daýanmak bilen halypa alym 5 monografiýa, 4 okuw gollanmasyny we 2 okuw kitabyny ýazdy.

2010-njy ýyldan häzirki wagta çenli Rahmanguly Esadulaýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda işleýär. Häzirki wagtda onuň ýolbaşçylygyndaky müdirlikde Türkmenistanyň dürli pudaklarynda önümçilige ornaşdyrmak üçin innowasiýa tehnologiýalarynyň katalogy taýýarlanylýar.

R.Esedulaýewiň çeken ýadawsyz zähmeti uly baha mynasyp boldy. Oňa 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diyen hormatly atlar dakyldy.

Ýedi onlugy abraý bilen arka atmak, yzyňda at goýmak, köpleriň sylaýan halypasy bolmak, elbetde, aňsat däl. Maksada okgunlylygy, talabedijiligi, hoşgylawlygy, pespälligi, irginsiz zähmet çekmegi oňa aňsat bolmadyk menzilleri aşmaga ýardam berdi. Ata kesbini dowam edip, ogul-gyzlarynyň öz kärine dowamata dowam bermegi, «Men durmuşymda öňde goýan maksadyma ýetdim» diýip, buýsanç bilen dile getirip bilmegi bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşulusynyň bagtlylygyndan nyşan dälmidir, eýsem?!

Oraznazar HEŞDEKOW,

                     USSAT NEWS.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.