Çagalykdan aýdym-sazyň dünýäsine aralaşan Täşli TULEGENOW
Çagalykdan aýdym-sazyň dünýäsine aralaşan, ajaýyp owazy bilen ýaşlaryň söýgüsini gazanan aýdymçy ýigitleriň biri hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Täşli Tulegenowdyr. Onuň «Bibi», «Sonam geldimi», «Bäri gel, bäri», «Ýagma, bulut», «Arabyň gyzy» ýaly aýdymlaryny diňleýjiler uly höwes bilen diňleýärler.
Ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, aýdymçy ýigit bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.
— Täşli, söhbedimizi sungat älemindäki ilkinji ädimleriňiz hakda berjek gürrüňleriňiz bilen başlaýalyň!
— Men Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde eneden doglup, şol ýerdäki 16-njy orta mekdebi tamamladym. Aýdym-saza bolan höwes çagalyk ýyllarymda döredi. Heniz bäş ýaşymdakam, aýdym aýdardym. Biz maşgalada üç dogan bolup ulaldyk. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebini tamamladym. Şu günki günde bagtyýar döwrüň bagtly talyby. Ejemdir kakam bolsa sungata sarpa goýýan adamlar.
— Diýmek, maşgalaňyzdakylaryň hemmesi hem aýdym-sazyň aşygy-da...
— Hawa, onda-da halk aýdymlarynyň aşygy.
— Türkmeniň bagşyçylyk sungatynda birnäçe ýollar bar. Siz «Çopan ýolundan» aýdym aýdýarsyňyz. Bu ýoluň tapawudy barada gürrüň beräýseňiz!
— Bagşyçylyk sungatynda «Çopan ýoly» şahandazlyga, degişmä baý. Menem halypalar Nurberdi Gulowyň, Rejepguly Kerimowyň bu ýoluny dowam etdirmek üçin uly yhlas edýärin. «Çopan ýoluny» dutardan estrada geçiren halypam Rejepguly Kerimowdyr.
— Täşli, ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz ýadyňyzdadyr-la!
— Hawa, ilkinji gezek «Aýjemal» diýen aýdymy ýerine ýetiripdim.
— Aýdym-saz sungatynda halypaňyz...
— Sungat adamlary duýguçyl bolýar. Kiçiligimden halypa bagşylary ürç edip diňleýärdim. Aýdym aýdyp duran pursadym täsin hereketleri hem ýerine ýetirýärdim. Şonda halypam, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ünsünden sypmandyr. Halypamyň talapkär, synçy nazaryndan bolsa inçejik hereket hem sypmaýar. Öz zehinimiň üstünde irginsizlik bilen işlemelidigimi halypam hemişe sargaýar.
— Üstünlige ýetmegiň syry nämede?
— Üstünlige ýetmek üçin ýeterlik taýýarlyk, özüňe bolan ynam gerek. Yhlasyň, ynamyň bar ýerinde ýetilmejek menzil ýokdur.
— Siziň ylham çeşmäňiz nämede?
— Diňleýjilerim, durmuş pursatlary, halypalarym. Watanymyzyň ösüşleri, gözelligi her bir ynsana ylham berýär.
— Durmuşyňyzda bolup geçen bagtly pursatlary ýatlap geçäýseňiz!
— Durmuşymda bagtly pursatlaryň biri talyp bolan günüm. Kaka bolup, perzentlerimiň dünýä inen güni iň bagtly pursadym boldy. 2000-nji ýylda bolsa «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji boldum. Şeýle-de, 2001-nji ýylda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp boldum.
— Okyjylarymyzy maşgala durmuşyňyz hem gyzyklandyrýan bolsa gerek!
— Bagtly, döwletli, agzybir maşgalamda gelnim Gyzylgül bilen bagtyýar döwrümize buýsanyp ýaşaýarys. Gyzymyz Feride, oglumyz Mukam biziň göz-guwanjymyz. Her bir gazanýan üstünligimde olaryň hem mynasyp paýy bar.
— Söhbetdeşligimiziň ahyrynda okyjylarymyza ýürek arzuwlaryňyzy hem aýdaýsaňyz?!
— Ajaýyp zamanamyzda, döwletli-döwranly döwrümizde medeniýete, sungata uly üns berilýär. Nesip bolsa, geljekde türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine öz goşandymy goşaryn.
Bagtyýar döwrümizde ata Watanymyzda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlansyn! Sungatyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli ähli tutumlary rowaç bolsun!
— Täşli, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Goý, mundan beýläk-de aýdym-saz äleminde size döredijilik üstünlikleri ýar bolsun!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.