Makalalar

Ozokeritiň nämedigini bilmek gyzykly bolsa gerek

https://ussatnews.com/storage/posts/999/original-1606953a68d1fe.jpeg

Ozokerit – bu, esasan, gaty alkanlardan (С37-den С53-e çenli) duran mineral. Onuň düzüminde suwuk ýaglar we mumlar bar. Ol gaty, döwlegen ýa-da ýagjymak massa bolup, onuň reňki açyk sarydan gara reňke çenli üýtgeýär, kähalatlarda bolsa ýaşylymtyl reňkli görnüşleri hem gabat gelýär. Dykyzlygy 0,85–0,97. Ereme temperaturasy adaty ýagdaýda 40–50ºС, kähalatda 100ºС we ondan hem ýokary. Ozokeritiň elementar düzümi: С=83,5–85 göterim; Н=12–14,5 göterim.

Ozokerit ýokary parafinli nebitleriň we agyr gaz kondensatlarynyň differensasiýasynyň netijesinde emele gelýär. Ozokeritiň uly känleri Günbatar Türkmenistandan başga-da, Özbegistanyň Fergana welaýatyndaky, Ukrainanyň Karpat dag etegindäki, esasan, alp gatlaklylygy öz içine alýan sebitler bilen baglydyr. Ozokeritiň ýataklarynyň ýerleşýän ýerleri bilen baglylykda onuň nebitdakyl, gumbed, baýkerit, marga, bagga, kindebal diýen ýaly atlary bar. Ozokerit süýümli, mermer şekilli bolýar.

Ozokerit çig malyna dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Ozokerit mineral madda, nebitiň önümi bolup, gymmat bahaly we seýrek duş gelýän peýdaly magdanlara degişlidir.

Jemal JUMANAZAROWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.

Başga makalalar
169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.


16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.