Habarlar
15fb5e5cb2c8fc.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
19.11.20 - 08:26

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy.


15fb4f3dd24cab.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
18.11.20 - 15:13

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Maýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


15fb496a3a09a4.jpeg
Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhana işe girizildi
18.11.20 - 08:36

Ýetip gelýän uly baýramçylygyň — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy.


15fb3b9abb8451.jpeg
Aşgabatda tapawutlanan ýaşlaryň 47-si «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglandy
17.11.20 - 16:54

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden tapawutlanan ýaşlaryň 47-sini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglady. Olar edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde ýokary döredijilik başarnygyny hemde işjeňligini görkezen ýaşlardyr.


15fb38f66dc6de.jpeg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
17.11.20 - 13:54

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Salman Bin Hamad Al Halifany Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlady.


15fb369851cee4.jpeg
Baýramalyda durky täzelenen AÝGB açyldy
17.11.20 - 11:11

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde düýpli abatlaýyş işleri tamamlanandan soň, awtomobillere ýangyç guýujy №125 beket işläp başlady. Gysga wagtyň içinde ol dünýä ülöüleriniň ählisine laýykl gelýän döwrebap AÝGB öwrüldi.


15fb36730138bb.jpeg
Seýdiniň NGIZ: önümleri eksport etmäge tarap ugur
17.11.20 - 11:01

202-nji ýylyň başyndan bäri Seýdiniň NGIZ 23 müň 840 tonna agyr wakuum gazoýly eksporta iberildi. Soňky ýyllarda bu önüm, zawodda öndürilýän ýol bitumy ýaly daşary ýurtly sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanýar.


15fb27356c3a56.jpeg
On aýyň jemine garaldy
16.11.20 - 17:40

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda wideomaslahat görnüşinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirilip, onda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada, birleşiklerde we müdirliklerde hem-de edara-kärhanalarda alnyp barlan işlere baha berildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.


15fb26ddfe1336.jpeg
Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde we onuň çäginden daşarda ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny goldaýar
16.11.20 - 17:17

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen anna güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow eden çykyşynda Türkmenistanyň ýanaşyk sebitlere çykmak bilen GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtaladyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15fb0ed51c5a0f.jpeg
Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze Ýokanç keseller hassahanasy ulanmaga berildi
15.11.20 - 13:56

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


15faf6f96d4f45.jpeg
Halkara ylmy maslahat Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygyna bagyşlanar
14.11.20 - 10:48

Şu ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli onlaýn görnüşindäki “Bitarap Türkmenistan-ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler.


15faedcf3c8c1b.jpeg
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna birnäçe çäreler meýilleşdirildi
14.11.20 - 00:18

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň welaýatlarynda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, aň-bilim we sport çäreleri, media-maslahatlar guralar.


15faec3278baa2.jpeg
Diýarymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisi we ylmy-amaly konferensiýalary geçiriler
13.11.20 - 22:32

Diýarymyzda 1-10-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisi geçiriler. Halkara forumynda ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanylan üstünlikleriniň gözden geçirilişi gurnalar.


15faeb915a4f8d.png
“Türkmentelekom” kompaniýasynyň hünärmenleri milli elektron poçtasyny döretmek üçin programma üpjünçiligini işlep taýýarladylar
13.11.20 - 21:49

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan täzedöwrebap milli elektron poçtasyny döretmek üçin programma üpjünçiligini işlenip taýýarladylar we ony synagdan geçirýärler.


15fae4f1a526d5.jpeg
Yslam korporasiýasy ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary bermek baradaky teklibini hödürledi
13.11.20 - 14:21

Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy (IСD) COVID-19 pandemiý döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bermek baradaky teklibini hödürledi.