Habarlar
15fbfdb3fea767.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy
26.11.20 - 21:43

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda şäheriň köçeleridir şaýollary aýratyn öwüşgine eýe boldy.


15fbf2fd8a9921.jpeg
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat ýollapdyr
26.11.20 - 09:32

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa



15fbcdb6d489d7.jpeg
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär
24.11.20 - 15:07

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi.


15fbcbc8c6c693.jpeg
Resmi habar
24.11.20 - 12:55

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýewiň ýürek keseli bilen bagly hassahana ýerleşendigi sebäpli, onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowyň üstüne ýüklenildi.


15fbb72cb92b26.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
23.11.20 - 13:28

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.


15fbb6cc461f01.jpeg
2021-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça bäsleşige 700-e golaý taslama gelip gowuşdy
23.11.20 - 13:03

2021-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşige dürli ulgamlaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de höwesjeň raýatlaryň ençemesinden jemi 700-e golaý taslama gelip gowuşdy, emin agzalary tarapyndan olaryň iň gowulary seçilip alyndy.


15fba164eca569.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumyny açdy
22.11.20 - 12:42

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Çoganly şäherçesinde bina edilen Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


15fb90b7d91a92.jpeg
Bitaraplyk gününiň hem-de Täze ýylyň öňüsyrasynda içerki bazaryň üpjünçiligi artdyrylýar
21.11.20 - 17:43

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň haryt öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde söwda ulgamyny azyk hem-de beýleki zerur önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.


15fb8a5b50482d.jpeg
Aşgabatda «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler
21.11.20 - 10:29

24-25-nji noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler.


15fb7f18c7c812.jpeg
Ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça işler geçirilýär
20.11.20 - 21:40

“Ahal — Balkan” we “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Aziýanyň ösüş bankyndan karz serişdeleri çekildi.


15fb7e80d3ddb4.jpeg
Aşgabatda Türkmen-koreý hökümetara toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler
20.11.20 - 21:00

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler.


15fb7decc3ed8c.jpeg
Energetiki barlaglar boýunça Oksford instituty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň geljegine ýokary baha berýär
20.11.20 - 20:20

Gaz senagatynyň ösüşi, gaz bazarlary, gaz eksport akymlary hem-de ýurtda gazdan peýdalanmaklygyň beýleki usullary — bular türkmen nebitgaz toplumynda Energetiki barlaglar boýunça Oksford institutyny (OIES) gyzyklandyrýan esasy ugurlardyr, diýip OIES-iň wekili Julian Bouden beýan etdi. Bu barada Trend habar berýär.


15fb63678ead82.jpeg
Türkmen geologlary agyz suwunyň täze gözbaşlaryny açdylar
19.11.20 - 14:10

Türkmenistanyň ýerasty suw gorlaryny ulanyş kartasynda täze gözbaşlaryň birnäçesi peýda boldy. «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz ekspedisiýasynyň gidrogeologlary şu ýyl geçirilen barlaglarda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky Üçkepderi meýdançasynda we Gubadag etrabynyň Dostluk meýdançasynda ýerasty süýji agyz suwunyň gorlarynyň üstüni açdylar.


15fb60d3f8e8ad.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti we Katar Döwletiniň Emiri iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar
19.11.20 - 11:14

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Tani Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda iki tarapyň hoşniýetli erk-islegleri netijesinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.