Igor Makarow hormatly Prezidentimizyň garamagyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi
13.10.21 - 19:08Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.10.21 - 18:04Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
12.10.21 - 08:27Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Menzelinsk şäheriniň golaýynda adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren “L-410” kysymly uçaryň heläkçilige uçramagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda Permany
09.10.21 - 11:32Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
Türkmenistanyň Prezidenti russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady
08.10.21 - 14:547-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
06.10.21 - 07:086-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
06.10.21 - 06:266-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlandy
05.10.21 - 09:104-nji oktýabr günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti TASS agentligine interwýu berdi
03.10.21 - 09:28Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary makullanyldy
02.10.21 - 08:50Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanan 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary hödürlenildi. Şolar geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça seçilip alyndy.
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görülýär
02.10.21 - 05:084-5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy
27.09.21 - 09:4225-nji sentýabyrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany bolan Altyn şaý milli manadymyzy gowşurmak dabarasy boldy.
Çynar Täjiýewna Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakyldy
26.09.21 - 15:47Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy.
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
26.09.21 - 12:4925-nji sentýabyrda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilip, ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi.
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy
25.09.21 - 13:47Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy.