Peýdaly maslahatlar

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

https://ussatnews.com/storage/posts/10537/original-168385199ec441.jpeg

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Gözleg geçirenler 500-e golaý iri kompaniýalarda 1 müň sany ýokary derejeli ýolbaşçylaryň arasynda çep we sag elleriň gatnaşygyny öwrenenden soň, statistik taýdan möhüm bir tendensiýa tapdylar: çepbekeý adamlar dolandyryş boýunça iň ýokary derejelere çykmak bilen, millionlarça dollarlyk baýlyk toplap bilerler.

Alymlar bu hadysany çepbekeýler üçin häsiýetli pikirlenmegiň aýratynlyklary bilen düşündirýärler. Olaryň pikiriçe, pikir ýöretmekde çep eliniň hereketi agdyklyk edýän adamlar, köplenç, meseläni çözmekde adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar, döredijiligiň ýokarlanmagy we innowasiýa meýli bilen tapawutlanýarlar.

Başga peýdaly maslahatlar
16a6b1a1f1ce92.jpeg
Emosiýanyň adam saglygyna täsiri

Emosiýa — bu adamyň içki duýgularynyň, pikirleriniň we daşky ýagdaýlara bolan reaksiýasynyň ýüze çykmasydyr. Adam gündelik durmuşynda dürli görnüşli emosiýalary başdan geçirýär: şatlyk, gynanç, gahar, gorky, alada, buýsanç, söýgi we beýlekiler.


16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.