Peýdaly maslahatlar

Aýdym-saz täsin güýçdür

https://ussatnews.com/storage/posts/13100/original-16a4a98f37215f.jpeg

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Aýdym-saz mugallymynyň öňünde duran iň esasy wezipe bolsa çagalarda saza bolan söýgini oýarmak, olaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we saz owazlarynyň üsti bilen olaryň kalbyna gowulygyň, gözelligiň tohumyny ekmekden ybaratdyr.

Aýdym-saz sapaklary çagalaryň akyl ösüşine örän uly ýardam edýär. Çaga saz diňlände ýa-da aýdym aýdanda, onuň beýnisiniň iki ýarym şary hem işjeň ýagdaýa geçýär. Aýdymlaryň sözlerini ýat tutmak, sazyň ritmini duýmak we heňi yzarlamak çaganyň ýadyny, ünsüni hem-de logiki pikirlenişini güýçlendirýär. Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, çagalar bagynda saz bilen yzygiderli meşgullanýan çagalaryň dil baýlygy has çalt ösýär, sözleri dogry we düşnükli aýtmak ukyby ýokarlanýar. Mundan başga-da, sazyň ritmine görä dürli hereketleri ýerine ýetirmek we tans etmek çagalaryň fiziki taýdan ösmegine, hereket koordinasiýasynyň gowulanmagyna we bedeniniň çeýe bolmagyna ýardam edýär.

Saz terbiýesi çaganyň emosional ýagdaýyny kadalaşdyrmakda hem netijeli serişdedir. Aýdym-saz sapaklary çagalaryň içki gorkularyny, emosional dartgynlylygyny aýyrmaga kömek edýär. Şadyýan we ruhubelent sazlar şatlyk duýgusyny oýarýan bolsa, asuda we haýal heňler olaryň nerw ulgamyny köşeşdirýär we ünsüni bir ýere jemlemäge ýardam edýär. Çagalar bagyndaky aýdym-saz otagy çaganyň özüni erkin duýýan, içki dünýäsini hereketler, owazlar we arzuwlar arkaly beýan edýän durnukly gurşawydyr. Şeýle-de, köpçülikleýin aýdym aýtmak we hor bolup çykyş etmek çagalarda agzybirlik, birek-birege kömek etmek we toparlaýyn işlemek ýaly jemgyýetçilik endiklerini kemala getirýär, olary utanjaňlykdan dyndyryp, özlerine bolan ynamyny artdyrýar.

Estetik terbiýe barada aýdylanda, aýdym-saz çaganyň çeperçilik başarnygyny kemala getirýär. Olar sapaklaryň dowamynda dürli sazlaryň häsiýetini — şadyýanlygy, gussany, gahrymançylygy duýmagy öwrenýärler. Halk aýdymlary, milli heňler we çagalar üçin ýazylan klassiki eserler körpeleriň kalbynda Watana, ene topraklaryna, tebigata we maşgala bolan mukaddes söýgini terbiýeleýär. Saz gurallarynda oynamak hem çagalaryň ritm duýgusyny we eşidiş ukybyny adatdan daşary ösdürýär.

Çagalar bagyndaky aýdym-saz mugallymynyň zähmeti diňe bir aýdym öwretmek bilen çäklenmän, eýsem kämil we hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Saz dünýäsi körpeleriň durmuşyny has şadyýan, gyzykly we manyly edýär. Şonuň üçin hem çagalar bagynda aýdym-saz terbiýesine aýratyn üns berilmegi, geljekde hemmetaraplaýyn zehinli, ruhy taýdan baý we berk bedenli nesilleriň ýetişmeginiň kepilidir.

Çepersoltan HOJAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki 138-nji çagalar bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.