Peýdaly maslahatlar

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

https://ussatnews.com/storage/posts/7464/original-16640718866af2.webp

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr. Şeýle hem ol dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýa goşulýan gülleriniň arasynda-da iň köp ulanylýanlarynyň biridir. Çopantelpegi gülläp başlanda, köküni alman ýygmak maslahat berilýär. Çopantelpek köşeşdiriji serişde hökmünde ukusyzlykda, aşa duýgurlyk ýagdaýlarynda giňden ulanylýar. Bu täsin ösümlik içege kesellerini bejermekde, içiň ýellenmegi sebäpli döreýän agyrylary aýyrmakda hem giňden ulanylýar. Çopantelpegi gyzdyrmada, basykda, dümewlemede ýuwanrak çaý görnüşinde köp mukdarda içmek maslahat berilýär.

Lukmançylykda çopantelpegiň goýy demlemesini ary baly, ýumurtganyň sarysy we mindal ýagy bilen garyp, bu garyndyny birnäçe gat hassa siňdirip, ýüze daňylanda, ýüzüň ter bolmagyny, wagtyndan öň garramazlygyny üpjün edýändigini aýdýarlar.

Çopantelpegiň güllerinden taýýarlanylýan şampun saçlara oňaýly täsir edýär. Şeýle hem bu ösümligiň gülleri allergiki täsire garşy serişde hökmünde dürli melhemlere goşulýar. Ösümligiň efir ýaglary bolsa parfýumeriýada ulanylýar. Onuň guradylan gülleri dürli mör-möjeklere garşy serişde bolup hem hyzmat edýär. Rus dilinde (Ромашка) ady bilen tanalýan Çopantelpek çaýy lezzetinden başga-da, bu çaý bedene dürli peýdalary berýän meşhur içgidir. Çopantelpek çaýynyň peýdalary, dürli keselleriň, şol sanda ýürek keselleriniň we rak keseliniň töwekgelçiligini azaltmakda uly rol oýnaýar. Çopantelpek çaýynyň aşgazan-içege ulgamyna we uklamaga kömek edip biljek aýratynlyklary bar. Çopantelpek çaýy, ukynyň hilini ýokarlandyrýan özboluşly içgidir. Çopantelpek çaýynyň bu häsiýeti gadymy lukmançylyk amallaryndan bäri bellidir. Ösümlik ululara we çagalara rahat dynç almaga kömek edýän meşhur ösümlikdir. Ony köplenç ösümlik çaýy hökmünde ulanylýar başga-da bug bejergisinde ýa-da kompresslerde hem ulanyp bolýar. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, 28 günüň dowamynda günde iki gezek 270mg çopantelpegiň ekstratyny içenlere adamlaryň gijelerne 1/3 az oýanyp, ekstrat içmediklere garanyňda 15 minut çalt uklaýandyklary anyklanyldy. Şeýle-de bolsa çopantelpegiň uzak täsiriniň derejesini kesgitlemek üçin lukmançylyk gözleglerine ýüz tutmak zerurdyr.

Taýýarlan: Amanmyrat ANNAMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.


165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.

165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.


1658d4df34d0ed.jpeg
Nohudyň peýdasy

Nohut — iň gadymy ösümlikleriň biri. Onuň watany günorta-günbatar Aziýa we ýakyn Gündogar hasaplanýar. Ösümlik bu ýerlerde miladydan öňki 7-nji müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilipdir. Dünýäde nohudyň 70-e golaý görnüşi belli bolup, olardan diňe iki görnüşi giňden ulanylýar. Ol gök çig görnüşinde we gabykly bişen görnüşinde ulanylýar. Ösümlik beloklaryň ajaýyp çeşmesidir. Onuň 100 gramynda takmynan 25 gram belok bar. Şonuň üçin nohut sagdyn iýmitlenişiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.