Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

08:01 13.04.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/1068/original-16075099239f85.jpeg

12-nji aprelde paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, gurluşygy amala aşyrylan bank ulgamynyň desgalarynyň açylmagy şanly senä — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy, olar ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

“Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine gelýär. Milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri garşylaýarlar.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Döredijilik toparlary bu waka mynasybetli ajaýyp çykyşlaryny taýýarlapdyrlar. Sazly-horeografiýa sahnasynda gündogar hökümdarlarynyň köşk gaznasynyň baýlygyny görkezýän görnüşler, şonuň ýaly-da, asyrlaryň jümmüşinden gelýän söwda däpleri janlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, “Türkmenbaşy” bankynyň merkezi girelgesine barýar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär — dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz toý bagyny kesýär, şol pursat asmana howa şarlary uçurylýar.

Döwlet Baştutanymyz bankyň täze binasy bilen tanşyp başlaýar.

Bank ulgamyny ösdürmek milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ykdysady syýasatda maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň eýeleýän möhüm orny olara berilýän wajyp wezipe bilen şertlenendir — şol wezipeler halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmekden, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyply we täzeçil bolmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda alyp barlan sazlaşykly döwlet syýasaty netijesinde, milli bank ulgamy kemala getirildi. Onuň hereket etmeginiň binýadynda goýlan düýpli ýörelgeler durmuş ugurly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýär.

Häzirki wagtda berkeýän bazar gatnaşyklarynyň we giň gerimli özgertmeleriň şertlerinde banklaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge “Türkmenistanyň bank ulgamyny 2011 — 2030-njy ýyllarda ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy” uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň bank ulgamynyň ygtybarlylygynyň ep-esli ýokarlandyrylmagy şol maksatnamanyň doly durmuşa geçirilmeginiň esasy netijesi bolmalydyr.

Maliýe edaralarynyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan jogapkärli wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin öz işlerini yzygiderli kämilleşdirýärler. Şol jogapkärli wezipeleriň hatarynda manadyň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, müşderilere hödürlenilýän hyzmatlar ulgamyna dünýä tejribesini, öňdebaryjy usullary we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň gyradeň dolanyşygyny üpjün etmek, ilatyň pul serişdelerini maýa goýum hökmünde önümçilikde peýdalanmak üçin maliýe dolanyşygyna girizmek, ykdysadyýeti, ilkinji nobatda bolsa, onuň ileri tutulýan pudaklaryny karzlaşdyrmagyň möçberini artdyrmak, döwlet we pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek wezipeleri bar.

Bank işini kämilleşdirmek, hususan-da, karz berlişiniň möhüm ugurlaryny kesgitlemek baradaky meseleler bank işini guramaga häzirki döwrüň ykdysady ýagdaýlaryny hem-de döwlet ösüşiniň geljegini göz öňünde tutup, innowasion taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny belleýän hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Bu ulgamyň hünärmenleri goýumçylaryň we maýadarlaryň bähbitlerini goramak arkaly olaryň ynamyny gazanmagyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly işleri geçirýärler. Bank işini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary halkara ölçeglere kybaplaşdyrylýar.

Soňky ýyllarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen başy başlanan hem-de, ilkinji nobatda, önümçilik ulgamyny höweslendirmäge we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde bank düzümleriniň hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy barha uly gerime eýe bolýar.

Obasenagat toplumyny, ulag we aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, hyzmatlar, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalary, şeýle hem telekeçilik işleriniň dürli, hususan-da, innowasion görnüşleri ýeňillikli karzlaşdyrmaga degişlidir. Mundan başga-da, türkmenistanlylara oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we satyn almak üçin ýeňillikli şertlerde karzlar berilýär.

«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlaryň möçberi boýunça ýurdumyzyň esasy banklarydyr. Dürli ýaşdaky raýatlar üçin «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň «Pensiýa», «Ruhubelent nesiller», «Watan gerçekleri», «Möhletli», «Zenan kalby» hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Täze manat — täze durmuş», «Çagalara niýetlenen maksatly goýum», «Ene-atalar hakynda alada», «Halkyň saglygy — Watan baýlygy», «Çagalar — biziň geljegimiz», «Bähbitli» goýumlaryny nagt we nagt däl goýumlaryň mysaly hökmünde belläp bolar.

Häzirki zaman bank düzümleri bu işleriň ýerine ýetirilmegine laýyk gelýär. Türkmenistanyň banklarynyň köp bölegi hem-de olaryň şahamçalary öňdebaryjy tehnologiýalar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze binalarda ýerleşýär. Banklaryň täze, häzirki zaman edaralary gurulýar we maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.

Munuň mysaly hökmünde şu gün ulanylmaga tabşyrylýan bank edaralarynyň on bäş gatly belent binalaryny görkezmek bolar. Şol binalar paýtagtymyzyň işewürlik böleginiň binagärlik toplumyna sazlaşykly utgaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň binasyna baryp, maliýe edarasynyň täze desgasynyň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Binanyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrakdyr. Edaralaryň birinji we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zaly we naharhana, dürli maksatly beýleki otaglar ýerleşýär. Köp sanly gulluklar we hünärmenleriň iş otaglary-da hemme zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Täze binada gymmatlyklary ygtybarly saklamak düzgünlerini we şol bir wagtda müşderilere hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin hemme şertler göz öňünde tutuldy.

Tanyşlygynyň dowamynda döwlet Baştutanymyza «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň gazanan üstünlikleri hem-de hünärmenler we müşderiler bilen işlemek üçin onuň täze edarasynda döredilen şertler barada doly maglumat berildi.

Täze binada döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy gurnaldy. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderini kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýärler.

Bankyň işgäri işlemäge döredilen şertler üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, sanly ulgamyň kömegi bilen bankyň esasy ykdysady görkezijilerini hem-de hödürlenilýän döwrebap bank hyzmatlaryny görkezmäge rugsat sorady.

Döwlet täjirçilik bankynyň ilkinji döredilen wagtyndan başlap, bu ýerde milli we daşary ýurt pullarynda goýumlary kabul etmek, gymmatly kagyzlar bazarynda amallary, uzak möhletleýin karz bermek hem-de pul geçirimleri we hasaplaşyklary geçirilýär.

Häzir «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň gullugy hem-de onuň 23 sany şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär, 600 müňden gowrak müşderä hyzmat edip, olara amatly goýumlaryňdyr hyzmatlaryň giň görnüşlerini, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmak bilen birlikde, karz serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky milli ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryndan ugur alyp, özüniň işinde nebitgaz toplumy, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk pudaklaryndaky taslamalary maliýeleşdirmek meselelerine uly üns berýär. Onuň karz beriş syýasatynyň esasy ugry ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamaga hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bank işewürlik taslamalarynda karz bermek goldawyny amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda “Ýigit” ýyladyşhana toplumy hojalyk jemgyýeti, “Mizan” gallany gaýtadan işlemek boýunça zawodlar toplumy hojalyk jemgyýeti, azyk önümlerini öndürmek boýunça köp sanly kärhanalar bar. “Döwletli — Döwran” hojalyk jemgyýeti bankyň karz beren serişdeleriniň hasabyna keramiki bezeg kerpiçleriniň, “Ak çeşme” hojalyk jemgyýeti bolsa haly önümçiligini ýola goýdy.

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň maýa goýumlary döwlet düzümleri, şol sanda nebitgaz, ulag-aragatnaşyk toplumlary, beýleki pudaklaýyn edaralar tarapyndan hem ulanylýar.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky 2009-njy ýyldan başlap, “Deutsche Bank Trust Company Americas”, “Deutsche Bank Frankfurt am Main” iri dünýä banklarynda hasaplaryny açyp, müşderilere daşary ýurt pulunda eksport-import söwda geleşiklerini bökdençsiz amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi.

13 ýyl mundan ozal, SWIFT Bütindünýä bankara maliýe telekommunikasiýalar jemgyýetiniň agzasy bolup, bank özüniň müşderilerine daşary ýurt pulundaky tölegleri ibermek mümkinçiligini döretdi.

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky ilkinjileriň biri bolup, “Ýyldyrym” içerki pul ibermeleriniň ulgamyny hem-de “Western Union” halkara elektron ulgamynyň işini ýola goýdy.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” hem-de “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky öz işini yzygiderli kämilleşdirýär.

Döwlet Baştutany bankyň onlaýn hyzmatlary bilen jikme-jik gyzyklandy.

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hünärmeniniň habar berşine görä, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bank amallarynyň köpüsini düýpli kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi. Mysal üçin, bank hyzmatlarynyň doly toplumyny öz içine alýan internet-bank ulgamynyň girizilmegi müşderilere öz serişdelerini uzak aralykdan dolandyrmaga, dürli töleg amallaryny we beýlekileri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, özüňiziň bank hasaplaryňyzdan maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak mümkinçiligi bardyr. Şonuň ýaly-da, onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bu amal üçin zerur resminamalary elektron görnüşinde ugratmak, hyzmatlar üçin tölegi “Altyn asyr” bank karty arkaly amala aşyrmak mümkindir.

Hünärmen bankyň internet sahypasy arkaly müşderileriň jemagat hyzmatlarynyň töleglerini nädip onlaýn görnüşinde amala aşyryp bilýändigini görkezdi. Müşderi zerur sahypany açyp, peýdalanyjynyň adyny ýazmaly hem-de “şahsy otaga” girmeli. Bu sahypada elektrik energiýasy, agyz suwy, gaz hem-de ýaşaýyş jaý tölegleri göz öňünde tutulandyr.

Şonuň ýaly-da, onlaýn goýumlar boýunça bank amallary hem-de onuň ähli derejeleri giňişleýin görkezildi.

Hyzmatyň kämilleşdirilen görnüşiniň, ýagny karz almak isleýän raýatlardan uzak aralykdan elektron arzalary kabul etmek üçin hem-de müşderä bu arzalaryň derejesi barada uzak aralykdan habar bermek üçin “onlaýn kabulhana” döredildi.

Bankyň bu hyzmatlary müşderilerde uly gyzyklanma döredýär. “Internet-bankingden” hem-de “Mobil-bankingden” peýdalanýanlaryň sanynyň artmagy muňa şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň täze enjamlary bilen tanşyp, bu gün ýurdumyzda maliýe edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini we banklaryň işiniň milli ykdysadyýetimizi onuň mümkinçiliklerine gabat gelýän has ýokary sepgitlere çykarmaga niýetlenen toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, banklaryň milli walýutanyň hümmetini pugtalandyrmaga, karz syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ähli tagallalaryny gönükdirmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy we ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda durnukly içerki pul dolanyşygynyň wajypdygyna ünsi çekip, pul serişdeleriniň möçberiniň sazlaşykly dolandyrylmagy boýunça çäreleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pul-karz syýasatyny oýlanyşykly geçirmegiň hem-de maliýe serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmegiň, karz serişdelerini ykdysadyýeti ösdürmek üçin maksatlaýyn ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz bankyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, ony sanlylaşdyrmagyň, goýumçylar üçin bähbitli şertleri döretmegiň, bank hyzmatlarynyň ilat üçin elýeterliligini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bank-maliýe düzümlerine häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, bu ugurda dünýä tejribesini ulanmagyň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmegiň şu günüň wajyp talabydygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bankyň işgärleriniň adyndan ulgamy ösdürmek, onuň hünärmenleriniň netijeli işlemegi babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmegiň, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny ýaýbaňlandyrmagyň, müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmagyň we görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bank ulgamynyň yzygiderli ösdürilmeginiň Türkmenistanyň ykdysadyýetini täze sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Türkmenistanda 2011 — 2030-njy ýyllarda bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň” mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Bu maksatnama milli ykdysadyýetimiziň bazar gurallarynyň berkidilmegini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri göz öňünde tutmak bilen, bank ulgamynyň ygtybarly we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu ulgamyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda manadyň durnuklylygyny üpjün etmek, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak, bank amallaryny kämilleşdirmek, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de täze görnüşlerini ornaşdyrmak, dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, işlere yzygiderli seljerme geçirmek, maliýe serişdeleriniň maksatlaýyn ulanylyşyna gözegçilik etmek, ykdysadyýete, ilkinji nobatda, onuň iri pudaklaryna karzlaryň berlişiniň möçberlerini artdyrmak, döwlet hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň çäklerindäki maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek wezipeleri bar.

Milli Liderimiz bank işini kämilleşdirmek meselelerinde, hususan-da, karz berlişini ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şonuň ýaly-da, bank işini guramakda häzirki döwrüň ykdysady ýagdaýlaryny hem-de döwlet ösüşiniň geljegini göz öňünde tutup, innowasion taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady we şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra milli Liderimiz “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.

Artistleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýan sazlar we joşgunly aýdymlar baýramçylygyň şowhunyny artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen salamlaşyp, “Senagat” bankynyň merkezi girelgesine gelýär hem-de dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we ýurdumyzyň iri täjirçilik bankynyň işinde täze sahypany açýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz esasy girelgeden “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň ikinji gatyna barýar hem-de täze edara binasynyň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşýar. Onuň umumy meýdany 16 müň inedördül metrden gowrakdyr. Beýikligi bolsa, 76,5 metre, ini 35,5 metre barabardyr. “A” toplumda dolandyryş, hojalyk we tehniki otaglary ýerleşýär. 1-nji gatda 247 orunlyk maslahatlar zaly we beýleki otaglar, 2 — 11-nji gatlarda iş otaglary bar. Binanyň ýokarky gatlarynda bankyň ýolbaşçylarynyň iş otaglary ýerleşýär.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzda bina edilýän häzirki zaman desgalarynyň ählisinde bolşy ýaly, bank edarasynda işgärler üçin amatly, doly kompýuterleşdirilen otaglary goşmak bilen, ähli şertler döredildi.

“B” toplumda ikinji gatda amallar zaly, müşderiler bilen işlemek üçin otaglar, kassalar ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde gazna, naharhana, gulluk ulaglary üçin duralga bar.

Bina durmuş üpjünçiliginiň ähli ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy. Binanyň içki bezeg işlerinde milli nakgaşlygyň nusgalary ulanyldy. Binanyň girelgesiniň öňündäki gök begresli meýdançada ýaş nahallar oturdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara amallary hem-de elektron tölegleri dolandyrýan bölüme baryp, hünärmenleriň işlemegi we müşderilere hyzmat edilmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz amallar zalyna bardy. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyza sanly tehnologiýalar arkaly, bankyň ýeten sepgitleri hem-de onuň mundan beýläkki innowasion işi üçin döredilen şertler barada gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň öňdebaryjy täjirçilik banklarynyň biridir, ýurdumyzda bankyň 13 şahamçasy hem-de bir bank gullugy işjeň hereket edýär.

Bank ilkinjileriň biri bolup, kiçi we orta telekeçilige maliýe goldawyny berip başlady Onuň hyzmatlaryndan hususy telekeçiler, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, bilelikdäki kärhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri peýdalanýarlar. Mundan başga-da, bank ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak boýunça işleri geçirýär. “Senagat” banky “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylaryň biridir.

“Senagat” banky 2008-nji ýylda SWIFT ulgamynyň agzalygyna birikdirildi. Bankyň müşderileriniň daşary ýurt pulunda eksport-import söwda geleşikleriniň bökdençsiz ýerine ýetirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «The Banker» žurnalynyň 2015-nji we 2016-njy ýyllarda geçiren bäsleşikleriniň netijesinde, iki gezek «Türkmenistanyň iň gowy banky» adyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Bu hormatly at degişli ulgamyň edaralarynyň Türkmenistanyň bank bazarynda öňdäki orunlary eýelemeginiň ykrarnamasydyr. 2013-nji ýylda Halkara işewürlik assosiasiýasynyň (Business Initiative Directions) howandarlygynda Şweýsariýada (Ženewa ş.) geçirilen B.I.D hil boýunça XXV Halkara Konwensiýasynda “Senagat” PTB «Century International Quality ERA» baýragyna mynasyp boldy. Türkmen banky bu baýraga hil, öňdebaryjylyk, tehnologiýalar we innowasiýalar üçin eýe boldy.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň ileri tutýan ugry ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamakdan ybaratdyr. Bank ýuridik we fiziki şahslar üçin karzlaşdyrmak, kepillendirilen depozit amallary, elektron pul geçirimleri, elektron tölegleri we beýleki bank hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň esasy maksady ilatyň pul serişdelerini goýumlara çekmek bolup durýar. Şol serişdeler uzak möhletli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur karz goýumlarynyň möhüm çeşmesine öwrülýär.

Häzirki wagtda bank ilatyň isleglerini we tekliplerini nazara almak bilen, dürli şertleri bolan goýumlaryň 9 görnüşini hödürleýär.

Karz syýasatyna laýyklykda, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky bazarlary haryt bilen doldurmak, täze iş orunlaryny döretmek bilen meşgullanýan hususy kärhanalar we telekeçiler üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda müşderileriň isleglerine baglylykda, bank ýuridik şahslara we hususy telekeçilere önümçilik karzlarynyň dürli görnüşlerini teklip edýär.

“Senagat” banky ulag hyzmatlary, saglygy goraýyş we bilim ulgamlary, hyzmatlaryň beýleki görnüşleri üçin nagt däl hasaplaşyklaryň, bank karzlarynyň möçberini artdyrýan döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barýar. «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky paýtagtymyzyň jemgyýetçilik ulaglarynda — awtobuslarda tölemäge niýetlenen nagt däl hasaplaşygy üçin gurluşy oturtdy, elektron kartlary boýunça nagt däl hasaplaşyk hyzmatlaryny ýola goýdy.

Bankyň işiniň sanly ulgama geçirilmegi müşderiler üçin mümkinçilikleri artdyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar boýunça amallary ösdürmäge, hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşleriniň — «Internet-banking», «Mobil-banking», “Galtaşyksyz töleg”, «Goýum bank karty», «Maşgala», «Ýol karty» hyzmatlarynyň peýda bolmagyna ýardam etdi.

Bank öz müşderilerine «Cash baсk» höweslendiriji hyzmatyny hödürleýär. Onuň aýratynlygy degişli terminallaryň oturdylan ýerlerinde — iri söwda merkezlerinde we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda “Altyn asyr” ýa-da “Goýum” karz kartlary bilen töleg geçirmek bolup, şunda her aýyň ahyrynda bank müşderiniň kartyna hasaplaşygyň göterimini geçirýär.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň hünärmeni döwlet Baştutanymyza karzlaşdyrmagy kämilleşdirmek, edara-kärhanalara hem-de raýatlara hödürlenilýän bank hyzmatlaryny giňeltmek hem-de hilini gowulandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada maglumat berip, bankyň resmi saýty arkaly onlaýn ýüz tutma hyzmaty barada jikme-jik gürrüň berdi. Şunda ol resmi www.senagatbank.com.tm internet sahypasy arkaly karz almak işiniň tutuş tapgyryny beýan etdi.

Internet söwdasy bankyň täze hyzmatlarynyň biridir. «Elektron söwda» hyzmaty Internet arkaly harytlary we hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär. «Elektron söwda» hyzmatlaryna bolan isleg barha artýar, munuň özi nagt däl görnüşde elektron söwdany amala aşyrýan bankyň müşderileriniň sanynyň köpelýändigini tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Hünärmen hormatly Prezidentimizi döwrebap bankomat bilen tanyşdyrdy. Ol dürli amallary, şol sanda nagt däl tölegleri geçirmäge niýetlenendir. Şunda raýatlar pullaryny kartyndan çekmek bilen çäklenmän, eýsem, töleg geçirip, kartynyň hasabyny barlap bilýär. Bulardan başga-da, bankyň müşderileri kartlaryndaky puluň möçberini tutumsyz artdyryp bilýärler, şunda olar bu amaly bank işgäri gatnaşmazdan, özbaşdak geçirýärler diýip, hünärmen amalyň kadalaryny iş ýüzünde görkezdi.

Şeýle hem şu ýerde hormatly Prezidentimize gadymy şaýy pullaryň nusgalary hem-de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan we milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen zergärçilik sungatynyň önümleri görkezildi. Gymmatlyklaryň hatarynda ussat zergärleriň zehini we ylham joşguny bilen döredilen nepis şaý-sepler — altyn we kümüş bilezikler, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen gülýakalar, ýüzükler, monjuklar bar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan çykarylan ýubileý we ýadygärlik şaýy pullar hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň işi bilen tanyşmagyny tamamlap, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň, müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň we olary artdyrmagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň göterýän adyna laýyklykda, halk hojalygynyň senagat ugurly ähli pudaklaryna hyzmat etmegi bilen bagly meseläni öwrenmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Senagat ähli ugurlarda — gurluşykda hem, ulaglarda hem, beýleki ulgamlarda hem bar diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçiriljek işleriň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamany üstünlikli amala aşyrmaga hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bankyň işgärlerini täze jaý toýy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara işde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ulgamy ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň täze taryhy döwürde Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Başga habarlar
1662332d93be2b.jpeg
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we şol çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


16622567eb9d73.jpeg
Halkara informatika olimpiada gatnaşyjylara söz berýäris

Halkara informatika olimpiada gatnaşyjylara söz berýäris.


166213b841edf3.jpeg
Türkmenistanyň DIM-inde TRACECA ulag taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

17-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

16620ae1d33073.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy.


166201d9631567.jpeg
Nebitgazçylaryň ýokary okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlar we talyplar köpçüligi gatnaşdy.