Habarlar

Türkmenistanyň gaz senagatynyň geljekki mümkinçilikleri

https://ussatnews.com/storage/posts/1109/original-1607e9a33556bc.jpeg

Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy GECF «Global Gas Outlook 2050» atly nobatdaky bäşinji hasabatyny çap etdi, onda dünýäniň energetika bazarlarynyň ýagdaýy we olaryň ösüşi, energetika ulgamynda tebigy gazyň eýeleýän orny jikme-jik seljerilýär.

Täze neşirde bellenilişi ýaly, energiýa serişdelerine bolan isleg dünýä ykdysadyýetiniň ösmegi hem-de ilatyň artmagy bilen kem-kemden ýokarlanar. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ol 2019-njy ýyldaky derejesine baryp ýeter, 2050-nji ýyla çenli bolsa ýene-de 24 göterim ýokarlanar. Şunda uglewodorod serişdelerinden has uly isleg bildirilýäni tebigy gaz bolar, sebäbi ol ykdysady we energetika taýdan netijeli, arzan hem-de ýangyjyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolup durýar.

Gaza bolan islegiň has köp artmagyny elektroenergetika üpjün eder — 67 göterim. Senagatda, ozaly bilen, nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän pudaklarda tebigy gazyň sarp edilişi 47 göterim artar, olaryň önümleri durmuş we senagat harytlaryny, mineral dökünlerini we beýlekileri öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Hususan-da, GECF-niň agzalary tebigy gazdan alynýan wodoroda islegiň artmagyny çaklaýarlar, ol himiýa senagatynda giňden ulanylýar, şol sanda ammiak we metanol öndürmek üçin, şeýle hem, nebiti gaýtadan işlemekde we metallurgiýada ulanylýar. Şonuň bilen birlikde ýaşaýyş-jemagat we ulag ulgamlarynda hem tebigy gazyň sarp edilişi artar.

Umuman, 2050-nji ýyla çenli tebigy gaza bolan isleg 50 göterim artar, bu ykdysady, demografik we ekologiýa ýagdaýlary bilen şertlendirilendir. Suwuklandyrylan gazyň öndürilişi hem-de energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, ozaly bilen, ýel we Gün energetikasy hem işjeň ösüşe eýe bolar.

Tebigy gaz howanyň üýtgemegine we onuň täsirlerine garşy göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmegiň zerurlygyny nazara almak bilen, geljegiň energetikasy üçin esas bolup durýar. Ençeme döwletleriň gol çeken Pariž ylalaşygy hut şoňa gönükdirilendir, ol 2020-nji ýyldan bäri howada kömürturşy gazyň mukdaryny azaltmak boýunça çäreleri kadalaşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, energiýanyň arzan, ygtybarly, häzirki zaman çeşmelerine giň mümkinçilikleriň bolmagy ähli ýurtlaryň durnukly ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin uly ähmiýete eýedir. Üçünji müňýyllygyň bu Maksadyna ýetmek üçin halkara bileleşiginiň tagallalary, şol sanda BMG-niň kabul eden «Ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibine» laýyklykda görülýän çäreler gönükdirilendir.

Dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen Türkmenistan ýurduň baý uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge, ykdysadyýeti durnukly ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Nebitgaz kärhanalaryny tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak — enjamlary, serişdeleri, ýörite tehnikalary satyn almak üçin uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Geologiýa gözleg we buraw işleri, nebite we gaza baý bolan meýdanlary senagat taýdan özleşdirmek batly depginlerde dowam edýär. Dowamly işlenip taýýarlanylýan ýataklary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem uly üns berilýär.

Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» gaz käni açylandan soň, Türkmenistan «mawy ýangyjyň» tassyklanan gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. GECF-niň hasabatynda biziň ýurdumyzyň Ýewraziýada tebigy gazy öndürýän iri döwletleriň hataryna girip, Russiýadan soň ikinji orny eýeleýändigi bellenilýär.

Garaşylyşy ýaly, 2050-nji ýyla çenli Ýewraziýa yklymynda tebigy gazyň çykarylyşy 40 göterim artar hem-de 1300 milliard kubmetre barabar bolar. Türkmenistan bu möçberiň 17 göterimini, ýagny 220 milliard kubmetrine golaýyny üpjün eder. Gaz öndürmegiň möçberi boýunça Azerbaýjan üçünji döwlet bolar, bu ýerde gazyň çykarylyşy Hazar deňziniň ýalpaklygynda ýerleşen ýataklaryň hasabyna 40 milliard kubmetre çenli artar.

Şunuň bilen baglylykda, deňiz ýataklaryny özleşdirmegiň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Mart aýynda ýurdumyzyň Mejlisi Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany tassyklady. Bu resminama Azerbaýjanyň milli parlamenti tarapyndan hem tassyklanyldy.

Häzirki wagtda «Dostluk» taslamasy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy kadalaşdyrjak ylalaşygyň taslamasynyň üstünde işlenilýär. Hususan-da, bu ýatagyň uglewodorod serişdeleriniň 70 göteriminiň Türkmenistana, 30 göteriminiň bolsa Azerbaýjana degişli boljakdygy barada habar berildi.

Umuman, Hazarda iri nebitgazly ýataklaryň birinde bilelikde işlemek hakynda iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklar sebitiň energetika kuwwatyny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Mysal üçin, Azerbaýjanyň gaz geçiriji düzümi «Dostluk» ýatagynda gazylyp alnan gazy halkara bazarlaryna ibermek üçin ulanylyp bilner.

Bilermenleriň çaklamasyna görä, 2020 — 2050-nji ýyllar aralygynda dünýäniň gaz senagatyna maýa goýumlarynyň möçberi ABŞ-nyň 10 trillion dollaryna golaý bolar. Gaz söwdasynyň dünýä derejesindäki möçberleri hem artar. Şunda tebigy gazy sarp etmegiň ýokary depginleri Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde, ozaly bilen, Hytaý Halk Respublikasynda we Hindistanda bolar.

GECF-niň hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyna Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi boýunça uly möçberde gaz akdyrýan döwlet bolup durýar. Transmilli desganyň geçirijilik ukyby bir ýylda gazyň 55 milliard kubmetrine barabardyr.

Şunuň bilen baglylykda, 2009-njy ýylda gaz geçirijiniň ulanmaga berlen pursatyndan bäri Merkezi Aziýadan HHR-e ugradylan tebigy gazyň umumy möçberiniň 340 milliard kubmetrden geçendigini bellemek gerek. Häzire çenli «Türkmengaz» döwlet konserni hem-de «CNPC International Turkmenistan» tarapyndan işlenip taýýarlanylýan Türkmenistanyň ýataklaryndan Ýuwaş ummanyň kenar ýakasyna çenli tebigy gazyň 300 milliard kubmetre golaýy ugradyldy.

Häzirki wagtda döwletara energetika ulgamyň çig mal binýadyny berkitmek we önümçilik düzümini ösdürmek boýunça anyk çäreler görülýär, munuň özi geljekde HHR-e türkmen gazynyň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Malaý» ýatagynda kuwwaty bir ýylda tebigy gazyň 30 milliard kubmetrine barabar bolan täze gazkompressor bekedi işe girizildi. Onuň bölümleriniň biri «Galkynyş» we «Döwletabat» ýataklarynyň gazyny ýokary basyş bilen Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijisine akdyrmak üçin niýetlenendir.

Täze ýataklar «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde tapgyrma-tapgyr ulanmaga berilýär, olary Hytaý Halk Respublikasynyň milli nebitgaz korporasiýasynyň «Amyderýa» gaz kompaniýasy 2007-nji ýylda baglaşylan Önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyga laýyklykda işläp taýýarlaýar.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini (TOPH) gurmagyň ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bolup, ol Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna türkmen gazynyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün edip, tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, bu ýerde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin kuwwatly binýada öwrüler.

Nebitiň we gazyň çykarylmagyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarýan köpugurly ulgamy döretmek bilen bir hatarda ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmäge, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalarynyň, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli desgalaryň gurulmagyna uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin milli maksatnama» amala aşyrylyp başlandy, onda degişli ugurda ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde iberýän döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkidýär. Nebitgaz pudagy özgerer hem-de döwrebap, ýokary tehnologiýaly, durnukly ösýän topluma öwrülip, ýurdumyzyň tebigy serişdeler, şeýle hem ylmy-tehniki kuwwatyna, degişli ugurda dünýäniň gazananlaryna daýanar.

Ussat news

Başga habarlar
16780d64fbf42c.jpeg
Türkmenistanly kiçijik pianinoçynyň ilkinji ýeňişi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär.


16776ab3e1b672.jpeg
Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygyna

Türkmenistanyň milli saz medeniýeti aýdym-saz medeniýetiniň däp-dessurlaryna baýlygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň bagşyçylyk sungaty özünde aýdym aýtmak ussatlygyny we dutar ýerine ýetirijilik sungatyny birleşdirýär.


1676d994ecc7e6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow 25-nji dekabrda gysga wagtlyk söhbetdeşlikde Peterburg bilen Türkmenistanyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.

1676944216f03e.jpeg
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi

21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.


16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.