10-njy iýunda 70 ýaşaýan Annagül GURDOWANYŇ durmuşymdan bir parça
Men: «Ýurtda parahatlyk, asudalyk, agzybirlik höküm sürse, ynsana durmuşda bagt, üstünlik, söýgi, saglyk ýaran bolsa, bu hakyky rowaçlykdyr» diýip düşünýärin.
Eýsem, meniň durmuşymda rowaçlyklar köp boldumyka? Bu barada köp wagtlap oýa batyp oturdym. Şeýle pursatlaryň biri hakynda size gürrüň beresim geldi.
Meniň şu wagtky derejä ýetmegimde bu beýik ynsanyň ornunyň örän uly bolandygyna indi-indiler has-da gowy düşünýän. Halypa — meşhur radiooýunda birbada Göroglynyň hem-de onuň atyny ogurlan kempiriň keşbini döreden Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradowdyr. Ol biziň aramyzda bolmasada hemmemiziň kalbymyzda ýaşaýar.
Meniň radioda diktor bolup gepleşikleri alyp barmagymda halypam Juma Ýazmyradow köp zatlary öwretdi. Ikimiz köplenç radioda «Bahar» radiogepleşigini alyp barýardyk. Şonda ol öz ýany bilen kagyzyň içinde gant böleklerini studiýa alyp girýärdi. Onuň bir-iki düwrüni maňa uzadyp: «Me, iý şu gandy!» diýýärdi. Halypamyň bu sözlerini geň görýärdim. Çünki süýji zat sesiňe ýaramaz täsir edýändir, sesiňi gyrýandyr öýdýärdim. Ýöne, tersine, gant sesiňi açýar ekeni. Halypa maňa: «Sen okaňda-da aýdym edip okaýaň. Beýtmek gerek däl, Annagül!» diýýärdi. Men onuň bu belligini hem geň görýärdim. Sebäbi gepleşigi owadan sesli, owazly edip okamalydyr öýdýärdim.
Talapkär halypam Juma aga bilen işlemek şeýlebir gyzyklydy, ol meniň ýüzümden ähli içki dünýämi, pikirlerimi, aladalarymy okaýardy. Ol wagtlar ýanymda şeýle üýtgeşik, synçy adamyň bardygyny gatybir aňlaman ekenim. Hawa, ussat Juma Ýazmyradow barada näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly.
Bu gün özümem halypalyk derejesine ýetip, birnäçe şägirt ýetişdiren hem bolsam, elmydama Juma aga ýaly halypamyň bardygyna buýsanýaryn.
Meniň durmuşymda şeýle rowaçlyklaryň başga-da köp bolup, ýöne olary duýan däl bolmagym mümkin. Indi men geljekde Arkadagly ýurdumda, arzuwlaryň hasyl bolýan döwründe öz ykbalymda boljak täze rowaçlyklara sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Şonda men ol rowaçlyklar barada uly sesim bilen hemmelere buşlaryn.
Annagül GURDOWA,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň agzasy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.