Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 29-30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, bu mesele 26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda gozgaldy. Şonda milli Liderimiz RF-niň Prezidentine foruma çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, oňa ýokary wezipeli türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugry üstünlikli amala aşyrmak bilen, Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ösdürýär. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, sebitde we dünýäde giň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerlemegine mynasyp goşandyny goşýar.
Ýewraziýanyň hökümetara geňeşi—Ýewraziýa ykdysady geňeşiň (ÝYG) ýolbaşçy edaralarynyň biri bolup, sebitde ykdysady goşulyşmagyň halkara guramasy bolup durýar. Ol halkara hukuk subýektiwligine eýe bolup, 2015-nji ýylda güýje giren degişli Şertnama bilen esaslandyryldy.
ÝYG-niň düzümine Russiýa Federasiýasy, Ermenistan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy girýär. Moldowa Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Kuba Respublikasy synçylaryň derejesine eýedir. Şeýle hem ÝYG-niň agza-döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň arasynda erkin söwda zolagy döredilýär.
Ýewraziýanyň hökümetara geňeşi Hökümet baştutanlarynyň derejesinde hereket edýär. Onuň mejlislerinde geljegi nazarlaýan ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy wezipelerine we ugurlaryna seredilýär.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzy hem-de ÝYG-niň düzümine girýän döwletleri däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň birleşdirýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlary bolan Ýewraziýa ykdysady geňeşiň agza-ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk uly mümkinçiliklere eýedir hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny gurşap alýar. Döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn – hukuk binýady täze ikitaraplaýyn resminamalar bilen berkidilýär we üsti ýetirilýär, bilelikdäki Hökümetara toparlary, beýleki degişli düzümler netijeli işleýär.
Biziň ýurdumyz ÝYG-niň agza-döwletleri bilen halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, foruma gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gutlag sözlerini hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem kabul edýän tarapa çakylyk we mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Biziň ýurdumyz ÝHG-niň mejlisine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşýar, bu bolsa, uzak möhletli köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, onuň geljegine we mümkinçiliklerine düşünmäge bolan özara gyzyklanmany beýan edýän şanly wakadyr.
Bu Ýewraziýa giňişliginde GDA, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady geňeşi ýaly döwletara guramalary bilen ýakyn gatnaşyklar babatda Türkmenistanyň alyp barýan ugruna hem kybap gelýär. Biziň ýurdumyzyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hyzmatdaşlaryna teklip etmäge ugurlary az däl. Türkmenistanda ulag-logistika düzümi sazlaşykly ösýär, döwrebap awtomobil ýollary, köprüleri guruldy, Hazar deňziniň boýunda geçirijilik ukyby bir ýylda ýük dolanyşygynyň 25 million tonnasyna deň bolan täze Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bina edildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, demir ýollary, optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de günorta ugurda, goňşy döwletlere elektrik geçiriji ulgamlary işe girizildi. Ýangyç we çalgy ýaglaryny öndürýän iri kärhanalar guruldy.
Şeýle hem pandemiýa garamazdan, geçen ýyl Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 5,9 göterime deň boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetiň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Soňky ýyllarda döredilen döwrebap kanunçylyk binýady daşary ýurtly işewürlere özlerini türkmen topragynda ynamly we oňaýly duýmagyna mümkinçlik berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň energetika we ulaglar babatda başlangyçlaryna BMG-niň çäklerinde dünýä bileleşiginiň, beýleki iri halkara guramalarynyň, maliýe edaralarynyň giňden goldamagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine, şol sanda halkara derejesinde ilerlemegine durnukly häsiýeti çaýýar. Bu bolsa, degişli ugurlarda uzakmöhletli, yzygiderli köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin şert döredýär.
Şeýle hem Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agza-döwletleri bilen biziň ýurdumyzy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanan taryhy gatnaşyklaryň, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň birleşdirýändigi aýratyn bellenildi. Bularyň hemmesi düşnükli we açyk ýörelgelerde özara ýakynlaşmagyň, netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we görnüşlerini işläp taýýarlamaga çemeleşmegiň goşmaça şerti bolup hyzmat edýär.
Muňa biziň ýurtlarymyzda kuwwatly serişdeler we önümçilik binýadynyň bolmagy, geografik taýdan amatly ýerleşmegi, logistika düzüminiň sazlaşykly ösmegi, hyzmatdaşlykda toplanan tejribe we onuň däpleri, özara düşünişmek we ynanyşmak ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Ýewraziýa ykdysady geňeşiň agza-döwletleriniň arasynda doly bahaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň taraplara diňe özara ykdysady we söwda babatda bähbit getirmek, ösüşe täze kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, Ýewraziýa giňişliginde ykdysady işleriň sazlaşykly we ýokary hilli bolmagyna ýardam edip, biziň döwletlerimiziň häzirki zaman ölçeglerinde kontinental we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy üçin goşmaça şertleri döretjekdigine ynam bildirildi.
Türkmenistan daşary ykdysady strategiýasynda “açyk gapylar” ýörelgesine, deňhukukly we netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyna daýanýar. Şunuň bilen baglylykda, onuň şu günki duşuşyga gatnaşmaga çagyrylmagy bu işde möhüm başlangyç bolmagyna gönükdirilendir. Biziň ýurdumyz hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bilelikdäki netijeli işlere taýýardygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
23–28-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Döwlet energetika institutynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşlyk saparyny amala aşyrdy.

Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi
4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş ekologiýaçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlendi
Aşgabadyň “Şamelek” toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy
23-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy
17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.