Habarlar

Rustam Minnihanow Serdar Berdimuhamedowa “Tatar Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy ” atly medaly gowşurdy

https://ussatnews.com/storage/posts/1167/original-1608cd689319bc.jpeg

30-njy aprelde Kazanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.

Onda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy babatda nusga alarlykdygy bellenildi. Häzir onuň çäklerinde dürli pudaklary gurşap alýan özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge mümkinçilik berýän resminamalaryň ençemesi bar.

Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda awtomobil tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek, uçar hem-de gämi gurluşyk, serwis hyzmatlary we beýlekiler bar. “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Tatneft” paýdarlar jemgyýeti, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” paýdarlar jemgyýeti, “Ak bars” gämigurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şunda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, özara söwdanyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Türkmenistanyň hem-de RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky aragatnaşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlygy uly orun eýeleýär, bu iki dostlukly halklary birleşdirýän köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, olaryň medeniýetleriniň we däpleriniň meňzeşligi bilen şertlendirilendir. Şunda ýokary bilim we işgärleri taýýarlamak ugry boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlyk esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Tatarystan üçin strategik hyzmatdaşydyr.

Duşuşyk tamamlanandan soň, RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowa “Tatar Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy ” atly medaly gowşurdy. Bu medal RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň döwlet sylagydyr.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.