Habarlar

Burawlaýjylarymyzyň baýramçylyk sowgady

https://ussatnews.com/storage/posts/11783/original-169417487aae16.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek barada öňde goýýan anyk wezipelerinden ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine mynasyp zähmet sowgatly geldiler. Burawlaýjylarymyz şanly ýylymyzyň geçen döwründe önümli guýularyň jemi dokuzysynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Bu döwürde baýlyk gözleýjiler 24 müň 814 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar.

Ýakynda müdirligimiziň buraw başlygy Döwletmyrat Gulamsöýünowyň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary Nebitdag känindäki 965-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Taslama çuňlugy 2400 metr bolan bu guýynyň 2235 metr ýerasty çuňlugyndaky gyzyl reňkli gatlagyndan «gara altynyň» senagat akymy alyndy. Täze nebit guýusy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 50 tonna «gara altynyň» senagat akymyny berýär. Önümli guýynyň gazuw işlerinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ-30-T» kysymly buraw desgasy ulanyldy.

Mundan başga-da, Ezizgeldi Hangeldiýewiň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary hem Goturdepe ýatagyndaky 1847-nji guýynyň önümli gyzyl reňkli gatlagyna ýetmekde tutanýerli zähmet çekdiler. Netijede, bu guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 15 tonna «gara altyn» berýär. Munuň özi burawlaýjylarymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgadydyr.

— Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz senagatyna berýän yzygiderli aladasy netijesinde daşary ýurtlardan satyn alynýan iň bir kuwwatly buraw desgalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän burawlaýjylarymyz şu günler Goturdepe, Barsagelmez, Nebitdag we Mydar meýdançalarynda has çuň gatlaklara aralaşmagy maksat edinip, gaýratly zähmet çekýärler. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen önümçilige ornaşdyrylan kuwwatlyklar has-da guwandyryjy sepgitleri eýelemäge ýardam berýär. Kämil buraw desgalary has çuň gatlaklarda ýerleşýän ýangyç çig malynyň baý gorlaryna aralaşmaga mümkinçilik berýär — diýip, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitgaz» buraw işleri müdirliginiň başlygy Arslan Mämmedow gürrüň berýär.

Başga habarlar
16a91517b18fa9.jpeg
Koreýa Respublikasynyň ilçisi TNGIZT-niň ýolbaşçylygy bilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonje Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada TNGIZT-niň saýtynda habar berilýär.


16a8c833099b46.jpeg
Döwrüň ruhuna mynasyp seslenýän neşir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä derejesindäki ýokary ösüşlerini, durmuşa geçirilen we alnyp barylýan iri taslamalary, ekologiýa meselelerini, halkara we döwlet derejesindäki forumlary, işewürlik duşuşyklaryny we beýleki dürli ugurlaryň möhüm materiallaryny, täzeliklerini hem habarlaryny dessin beýan edip köpçülige ýetirmekde milli habar beriş serişdeleriniň ähmiýeti bimöçber uludyr.


16a8574bbc3626.jpeg
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy zähmet ýeňişleri

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görülýän günlerde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz toplumynda hem guwandyryjy zähmet ýeňişleri gazanylýar.

16a856ff73461a.jpeg
Türkmenistan kükürtsiz tebigy gazy gözlemek üçin geologiýa-gözleg burawlaýyş işlerini giňeldýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän birnäçe nebitgazly meýdançalarda kükürtsiz tebigy gazyň gözlegine aýratyn üns berip, giň gerimli geologiýa-gözleg we ulanyş burawlaýyş işlerini alyp barýar. Işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar.


16a8487f6d3e1b.jpeg
Umumymilli foruma taýýarlygyň çäklerinde maslahat geçirildi

Watanymyzyň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.