Habarlar

“Türkmendemirýollary” agentligi “elektron petekler” programma üpjünçiligi işe girizdi

https://ussatnews.com/storage/posts/1182/original-16092c0ba85003.jpeg

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin “elektron petekler” programma üpjünçiligi işe girizildi. Bu bolsa internet saýtynyň ýa-da mobil goşundysynyň üsti bilen petekleriň satuwyny nagt däl hasaplaşyk arkaly guramaga mümkinçilik berýär. Demir ýol ulaglary arkaly gatnawlary artdyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, internet hyzmatlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirilýär.

Ýurdumyzyň demirýol ulaglary pudagynyň ulag-logistika düzümini döwrebaplaşdyrmak, pudagyň işinde elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ýükleri daşamak işlerini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin täze, döwrebap programma üpjünçiliginiň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy we onuň synag işleri geçirildi.

Demir ýollaryň ýük gatnawlaryndan peýdalanýan müşderiler hem-de Türkmenistanyň çäklerinde eksport-import söwda gatnaşyklaryny we üstaşyr ýükleriň daşalmagyny guraýan kärhanalar onlaýn usulda, “şahsy otaglaryň” üsti bilen, dünýäniň islendik künjeginden ýüztutma arzalaryny berip bilerler.

Häzir ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli toplumlaryny, şol sanda ulag ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işler alnyp barylýar, bu bolsa pudagyň işlerini döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.