Habarlar

Ýatdan çykmajak çagalar üçin Täze ýyl baýramçylygy

https://ussatnews.com/storage/posts/11863/original-16950d7ee1023e.jpeg

Täze ýylyň öňüsyrasynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň ýaşaýyş-jemagat hojalygy kärhanasy öz işgärleriniň çagalary üçin ýatdan çykmajak Täze ýyl baýramçylygyny gurady.

«Ýyldyz» medeni-dynç alyş merkezinde körpe myhmanlara A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň hem-de Türkmen döwlet sirkiniň artistleriniň gyzykly we täsirli çykyşlary hödürlendi. Olaryň sahna oýunlary ýaş tomaşaçylarda şatlyk duýgularyny döretdi.

Çagalar Aýaz baba we Garpamyk bilen bilelikde baýramçylyk arçasynyň daşyndan aýlanyp, tans etdiler hem-de dürli şadyýan oýunlara gatnaşdylar.

Esasan-da ak mata we pagtadan taýýarlanan, hakyky gara meňzeýän toplar bilen geçirilen «gar top oýny» has-da gyzyklanma döretdi. Gülki, şatlyk we şowhun zalyň içini dolduryp, hakyky erteki gurşawyny emele getirdi.

Gözbagçynyň çykyşy hem körpe myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Onuň täsin tilsimleri çagalary haýran galdyryp, olarda täsirli duýgulary döretdi.

Baýramçylyk çäresi toý saçaklarynyň başynda dowam etdi. Kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň komiteti çagalara we olaryň ene-atalaryna dürli tagamlary hödürledi. Hemmelere baýramçylyk sowgady gowşuryldy, şatlykly Täze ýyl dabarasy myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Başga habarlar
16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.

16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.