Habarlar

Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/11901/original-1695e1019cc5fe.jpeg

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugalumlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän giň gerimli tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda türkmen ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini ýüze çykardy.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de dabaraly maslahata gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ähli halkymyzy täze, 2026-nji ýylyň başlanmagy hem-de bu ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini beýan etdiler.

Başga habarlar
16ac11fdab9889.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

16ab53625587cb.jpeg
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.


16aa91fc63abdc.png
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.