Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmak bilen bagly teklibi goldady

https://ussatnews.com/storage/posts/11957/original-1696b681e45652.jpeg

16-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, zawodlar toplumynyň “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy nebit önümlerini kabul etmekde, saklamakda hem-de sarp edijilere demir ýol we deňiz ýollary arkaly ibermekde esasy düzüm birligi bolup hyzmat edýär.

Bu kärhananyň has-da döwrebaplaşdyrylmagy öndürilýän nebit önümleriniň ygtybarly kabul edilmegini, saklanmagyny, ýüklenmegini hem-de daşalmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek, öndürilýän nebit önümlerini sarp edijilere ygtybarly ýetirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Başga habarlar
16acf4529bfc40.jpeg
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär

10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.


16acf46ff783c1.jpeg
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.


16acb822114ba8.jpeg
Dragon Oil – OGT 2026-nyň göwher hyzmatdaşy

«Dragon Oil» kompaniýasy 21-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň göwher hyzmatdaşy bolar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.

16ac71d19601c1.jpeg
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.


16ac11fdab9889.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.