Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Ýeňiş Güni bilen gutlady
Eziz halkym!
Hormatly uruş weteranlary!
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr hem-de durmuş kadasyna öwrülen kämil ýörelgeleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllarda hem halkymyzyň bu mukaddes kadalaryna berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň we watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de nesilleriň hormatyna mynasyp boldular. 1418 güne çeken ot-ýalynly şol ýyllarda watandaşlarymyz — gaýduwsyz esgerlerimiz şöhratly söweş ýollaryny geçip, edermenligi we gahrymançylygy üçin Gahryman diýen belent ada, söweş ordenlerine hem-de medallaryna mynasyp bolup, merdanalygyň beýik mekdebini döretdiler. Türkmen ýigitleri hem Ýeňşiň gazanylmagynyň ahyrky günlerine çenli söweş meýdanynda bolup, şöhratly söweş menzillerini geçdiler.
Ýüreklere öçmejek ýaralar salan agyr synagly, azap-horlukly, jebir-jepaly uruş ýyllarynda tylda galan garrylar, aýal-gyzlar, çagalar «Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!» diýen ählihalk şygaryna eýerip, ýagty geljege, parahatçylyga we Ýeňşe bolan synmaz ynam bilen gije-gündiz zähmet çekdiler. Bugdaýyň iň soňky dänesine, pagtanyň iň soňky übtügine çenli ýygnap alyp, Beýik Ýeňşe saldamly goşant goşdular. Urşuň ýeňiş bilen tamamlanjakdygyna bolan beýik ynam bilen hem-de merdana ýigitleriň sag-aman dolanyp gelmeginiň hatyrasyna türkmen aýal-gyzlary Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyryp, adamkärçiligiň we ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezdiler. Bu Ýeňiş aňsatlyga gazanylmady. Halkyň ägirt uly pidalary, gaýduwsyzlygy we yhlasly zähmeti 1945-nji ýylyň baharynda bu Beýik Ýeňşi alyp geldi.
Şoňa görä-de, biz Ýeňiş gününi nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene hökmünde döwlet derejesinde giňden belläp geçýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny şanly wakalar bilen şöhratlandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda gahrymanlar hatyralanyp bina edilen ýadygärliklere ter gül desselerini goýup, aýdym-sazly medeni-jemgyýetçilik çärelerine badalga berip, Watan ogullarynyň edermenliklerini, gaýduwsyzlyklaryny hem-de gahrymançylyklaryny ebedileşdirýäris. Gazaply uruş ýyllarynda merdana pederlerimiziň — Watan goragçylarynyň söweşjeň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy nesilleriň kalbynda şan-şöhratly ýatlamalar bolup müdimilik ýaşar.
Mähriban halkym!
Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda, ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn hem pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş weteranlarymyz barada uly alada edýäris. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrýarys.
Ýeňiş güni mynasybetli, uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna sowgatlary gowşurýarys. Kalbymyzy şatlyk-joşguna, ruhubelentlige besleýän bu çäreler ýurdumyzda her bir adamyň döwlet tarapyndan uly alada bilen gurşalyp alnandygyny, mertebesiniň belentdigini aýdyňlygy bilen ykrar edýär.
Eziz watandaşlar!
Ýüreklere öçmejek ýaralar salan ýalynly uruş ýyllarynda halklary birleşdiren dostluk, düşünişmek we özara goldaw bermek däplerimiz bu gün dünýä döwletleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde pugta esas bolup durýar. Biziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwerlik we döredijilik däplerine esaslanýan döwlet syýasatymyz Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Bitarap Türkmenistanyň dünýä derejesinde ykrar edilen, sebitde parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde tutuş adamzadyň abadançylygy üçin oňyn halkara gatnaşyklary has-da ösdürmek ugrunda çykyş edip, döwrüň möhüm meseleleriniň göwnejaý çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy has-da buýsandyrýar.
Eziz halkym!
Hormatly uruş weteranlary!
Sizi gahrymançylygyň we edermenligiň ajaýyp nusgasy hökmünde öçmejek şöhrata beslenen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, asuda, abadan we bagtyýar durmuş arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda alty aýyň jemlerine garaldy
11-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
HNGU-nyň mugallymlary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 mugallymy 28-nji iýundan 7-nji iýula çenli Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan we Çende şäherlerinde ýerleşýän Siýan nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.
Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi
4-nji iýulda «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde guralan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal diňe bir daşky gurşawy goramagyň däl, eýsem ekologik medeniýeti ylmyň hem-de amaly tejribeleriň üsti bilen baýlaşdyrmagyň meýdançasyna öwrüldi.