Türkmenistanyň Prezidenti ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy

07:01 12.05.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/1210/original-1609b36bea3828.jpeg

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Ozal habar berlişi ýaly, şanly sene mynasybetli 10-25-nji maý aralygynda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler. Şunda milli Liderimiziň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Diýarymyzda ykdysady we durmuş ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary raýatlarymyzyň ähli babatda abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda köpçülikleýin sport çärelerini, şol sanda welosipedli ýörişleri geçirmek babatda ajaýyp däbiň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň doly goldawyna mynasyp boldy. Olar paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda guralýan şeýle çärelere ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şol çäreler bolsa türkmenistanlylaryň müňlerçesini, şol sanda awtoulaglaryň eýelerini birleşdirýär. Olar bu günlerde awtoulaglaryny sürmeýärler. Şeýlelikde, ýollarda awtoulag serişdeleriniň sany ep-esli azalýar. Bu bolsa, öz nobatynda, umumy ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa ulgamynda öňe sürýän anyk başlangyçlary halkara bileleşiginiň hem doly goldawyna we ykrarnamasyna mynasyp bolýar. 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu gün her ýyl 3-nji iýunda bellenilip geçilýär.

Köpçülikleýin bag ekmek çäreleri hem milli Liderimiziň öňdengörüjilikli tebigaty goramak strategiýasynyň möhüm bölegidir. Şol strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Aşgabatda we onuň töwereklerinde, Türkmenistanyň ähli şäherlerinde hem-de obalarynda seýilgähleriň we tokaý zolaklarynyň meýdany ýylsaýyn artýar.

Ynsan eli bilen döredilen ýaşyl zolaklar paýtagtymyzy hem-de beýleki ilatly ýerleri awtoulaglaryň çykarýan tüssesiniň, tozanly ýelleriň ýaramaz täsirinden goraýarlar. Munuň özi bolsa howanyň arassa bolmagyna, amatly howa ýagdaýynyň kemala gelmegine, bioköpdürliligiň kadaly ýagdaýda saklanmagyna ýardam edýär. Olar şeýle hem çölleşmä hem-de ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek işinde möhüm orun eýeleýär.

Ýurdumyzda ekologiýa-sport çäreleri, şol sanda her ýyl giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler yzygiderli geçirilýär. Sagaldyş we terbiýeçilik ähmiýetinden başga-da, olar jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna we kämilleşdirilmegine ýardam edýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, arassa ekologiýa, saglyk we sport diýen düşünjeler öz aralarynda berk baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, her gün bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapýar. Milli Liderimiz bu babatda watandaşlarymyza, aýratyn hem ýaşlara görelde bolýar. Döwlet Baştutanymyz ýaşlyk ýyllaryndan başlap sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesine eýermek bilen, sportuň dürli görnüşlerinde, şol sanda welosiped sportunda ýokary ussatlyk görkezýär.

Irden milli Liderimiz Aşgabadyň günorta bölegine tarap ugrady. Şol ýerde, Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň işewür we medeni merkezi kemala gelýär, şeýle hem halkara derejesindäki döwrebap lukmançylyk desgalarynyň toplumy ýerleşýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa we sport çäresine badalga berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew bilen bilelikde, ýurdumyzyň baş şäheriniň gözel owadan ýollaryndan geçýän ugur boýunça ýola düşdi.

Ýolugry wise-premýer döwlet Baştutanymyza Aşgabatdaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, paýtagtymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, onuň 140 ýyllygyna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler hem-de gurulýan desgalarda işleriň depginini güýçlendirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz şäheriň ekologiýasyny gowulandyrmaga hem-de bagy- bossanlyga öwürmäge, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleri bolan seýilgähleri hem-de seýilbaglary kadaly ýagdaýda saklamaga, şäherlileriň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Welosipedli ýörişler ekologiýa taýdan arassa ulagyň görnüşini hem-de welosipedi wagyz etmegiň giňden ýaýran usulydyr. Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň adamyň saglygyny berkidýändigi, işjeňligini ýokarlandyrýandygy şübhesizdir. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Welosiped sportunuň ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolmagy onuň esasy artykmaçlyklarynyň biridir.

Welosiped sürende, adamyň bedeniniň ähli möhüm ulgamlary hereket edýär. Munuň özi adamyň çydamlylygyny artdyrýar, energiýa çalşygyny kadalaşdyrýar, birnäçe keseller bilen kesellemek howpuny peseldýär, kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, ruhubelentlik paýlaýar. Mundan başga-da, welosiped ulagyň amatly görnüşi bolmak bilen çäklenmän, mähriban ülkämize gyzykly gezelençleri amala aşyrmak üçin oňaýly serişdedir. Welosipedde gezelenç etmek açyk howada wagtyňy keýpiçaglyk bilen geçirmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, welosipedli ýörişler adamlara tebigata ýakyn bolmaga, onuň gözelliginden lezzet almaga ýardam edýär. Biziň ata-babalarymyz hemişe mähriban tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşapdyr, ondan güýç-kuwwat hem-de döredijilik ylhamyny alypdyr. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň gündelik durmuşynda we baýramçylyklarynda, parasatly däp-dessurlarynda, baý halk döredijiliginde, ajaýyp sungat eserlerinde öz beýanyny tapdy. Bu gün tebigata aýawly garamak milli özboluşlylygyň möhüm ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülýär.

Welosipedli ýörişiň ugry boýunça, Bitaraplyk binasynyň golaýyndaky çatrykda bu çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary goşuldylar.

Soňra welosipedli ýörişe Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary goşuldylar.

Ýolugrunda sport çäresine köpsanly gatnaşyjylar, şol sanda talyp ýaşlar, şäher jemgyýetçiliginiň, ýaş nesliň wekilleri goşuldylar. Welosipedli ýörişe Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänler hem ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren welosipedlerinde ussatlyk görkezýän çagalar milli Liderimize toplumlaýyn bilim almak, sport bilen meşgullanmak hem-de göwnejaý dynç almak babatda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny çekýän welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ak şäherimiziň giň we ýagty ýollary boýunça hereketini dowam etdirdiler.

Oňyn jemgyýetçilik seslenmesini döreden, 10-njy maýda başlanan ekologiýa çäresiniň çäklerinde, paýtagtymyzda awtoulag serişdeleriniň hereketiniň çäklendirilendigini ýatlatmalydyrys.

Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýokary hilli ulag hyzmatlaryny etmek maksady bilen, ýolagçy awtobuslarynyň hem-de taksileriň sazlaşykly hereketi ýola goýuldy. Munuň özi bu möhüm çäräni geçirmäge örän jogapkärli çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.

Welosipedli ýörişiň barşynda döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talaplaryndan ugur almak bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak wezipelerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

...Aşgabatda dürli wakalara baý bolan täze bahar güni başlandy. Hemişe bolşy ýaly, ir säherden ýurdumyzyň baş şäherinde gyzykly durmuş, sagdyn, işewürlik ýagdaýy dowam edýärdi. Şäheriň ýaşaýjylary işe, çagalar mekdebe, körpeler bolsa ata-eneleri bilen çagalar baglaryna howlugýardylar. Bu günüň säheri adatdakylaryndan tapawutlydy. Onda paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli golaýlaşyp gelýän baýramçylygyň öwüşginleri duýulýardy.

Ýolugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerleriň gözelligini syn etdi. Maý aýynyň säher çagynyň arassa we hoştap howasy, Köpetdagyň etekleriniň ýaşyl lybasa beslenen ajaýyp ýerleri ruhubelentlik hem-de ýatdan çykmajak täsirleri bagyş edýär. Bahar paslynda türkmen tebigaty aýratyn gaýtalanmajak gözel keşbi bilen tapawutlanýar. Ak mermerli Aşgabadyň täzelenýän binagärlik toplumy tebigatyň täsin keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy döredýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda kaşaň ýaşaýyş toplumlarynyň ençemesi, belent edara binalary we beýleki desgalaryň köpsanlysy peýda boldy.

Paýtagtymyzyň täsin aýratynlyklary bilen tapawutlanýan desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Diýarymyzyň baş şäherinde şanly senelere - paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, dürli maksatly desgalaryň birnäçesi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

Uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, Aşgabady ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň häzirki keşbinde binagärlik we inžener-tehniki çözgütler ulgamynda öňdebaryjy ýörelgeler, milli binagärligiň iň gowy däpleri öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby ýurdumyzyň baş şäheriniň şöhratly taryhyna, şu gününe we gazanýan üstünliklerine, eýeleýän belent sepgitlerine bagyşlanýar.

Aziýanyň merjeni, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen türkmen paýtagtynyň ajaýyp keşbi hemmeleri haýran galdyrýar. Aşgabady, sözüň doly manysynda, seýilgähleriň şäheri diýip atlandyrýarlar. Ol haýran galdyrýan ýaşyl baglary hem-de dürli reňkli gülleri, täsin suw çüwdürimleri bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, şol sanda onda dürli maksatly desgalary gurmak hem-de abadanlaşdyrmak, toplumlaryn düzümli we tutuş şäher giňişligini kemala getirmek baradaky konsepsiýasynyň esasynda ekologiýa ýörelgeleri durýar.

Gözel keşbe giren seýilbaglar we seýilgähler Aşgabadyň bezegi, özboluşly ýüzi hem-de bezeginiň möhüm bölegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, okgunly ösýän uly şäherde kadaly ekologiýa sazlaşygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Ýakyn geljekde paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde döredilýän ýene-de bir ajaýyp seýilgäh peýda bolar. Onuň gurluşygyna şu ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Milli bahar baýramyna gabatlanylan nobatdaky köpçülikleýin bag ekmek dabarasynda badalga berdi.

Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýubileý ýylynda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň 30 million düýbi oturdylar. Şonuň 10 million düýbi paýtagtymyzda ekiler.

Özüniň belent derejesine laýyklykda, Watanymyzyň syýasy, işewürlik, medeni, sport we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm merkezi bolan Aşgabat bu gün sebit hem-de dünýä hyzmatdaşlygynyň hem ykrar edilen merkezidir.

Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän tebigaty goraýyş syýasaty BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak baradaky gaýragoýulmasyz wezipelere doly gabat gelýär. Şu möhüm ugurda Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanan Konwensiýalary we beýleki halkara resminamalary, degişli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň kanunçylygynyň üsti täze kabul edilen kanunlaryň ençemesi bilen ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň” we “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň” hem-de beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ekologiýa we tebigaty goramak, biologik köpdürliligi hem-de tebigatyň gözelligini aýawly saklamak ulgamlarynda ägirt uly işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň dürli ýokary derejeli forumlarda, şol sanda BMG-niň belent münberinden öňe sürýän oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Munuň özi şol başlangyçlaryň derwaýyslygyny hem-de uly ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hususan-da, şolaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda Sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw Strategiýasyny, Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugruna öwürmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny aýawly saklamak ýaly teklipleri we beýlekileri görkezmek bolar.

“Ýaşyl” ykdysadyýet Konsepsiýasyndan ugur almak bilen, senagat kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Önümçilik düzüminiň täze desgalaryny gurmak, öňden barlarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak işleri ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan ekologiýa we suw diplomatiýasynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, Aral ýakasynyň ekologiýasyny sagdynlaşdyrmak, Hazar deňziniň täsin ekologiýa ulgamyny aýawly saklamak hem-de onuň tebigy baýlyklaryny rejeli ulanmak ýaly wajyp meseleleri çözmek boýunça netijeli sebit hem-de halkara gatnaşyklary ösdürýär.

Şeýlelikde, ýurdumyz ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda ägirt uly tejribä eýe bolmak bilen ony umumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar. Şu günki çäre hem ýurdumyzyň tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de artdyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegini üpjün etmäge gönükdirilen strategiýa berk ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bu çäre ilatymyzy ekologiýa hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketine mundan beýläk-de işjeň çekmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şeýle çäreler esasy maksatdan başga-da, jemgyýetiň tagallalarynyň birleşdirilmegine, adamlaryň sagdyn durmuş, parahatçylyk we ylalaşyklylyk, döredijilik hem-de hoşniýetlilik ýörelgeleriniň töwereginde has-da berk jebisleşmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, ýurdumyzyň Baş meýdançasyna tarap ugrady. Milli Liderimiz welosipedli ýörişiň bellenen aralygyny ussatlyk bilen geçip, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň adamyň beden taýdan sagdynlygy hem-de ruhy taýdan kämilleşmegi üçin uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

* * *

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ýurdumyzyň Baş meýdançasyndan hereketini dowam edip, “Aşgabat” binasyna tarap ugradylar. Şol ýerde bu günki çärä bagyşlanan, paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna guralan dabara geçirildi.

Çykyş edenler türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýurdumyzda amatly ekologiýa ýagdaýyny döretmek meseleleriniň hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtadylar.

Milli Liderimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň şanly sene mynasybetli watandaşlarymyza ajaýyp sowgat bolandygy bellenildi. Bu kitabyň sahypalarynda paýtagtymyzyň geçmişi we şu güni, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary öz beýanyny tapdy.

Soňra dabara “Aşgabat” binasynyň ýanynda sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Aýdymlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda sportda gazanylan üstünlikler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy gülledip ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen parasatly syýasaty, milli senenamamyzyň şanly taryhy seneleri ruhubelentlik bilen wasp edildi.

Başga habarlar
1660642fe573ec.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylary gutlady.


16605c9e3c714a.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

27-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.


16605c764b211f.jpeg
Serdar Berdimuhamedow TDG-niň Baş sekretary bilen türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini maslahatlaşdy

Türki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 27-nji martda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew bilen geçiren duşuşygynda belledi.

16605c5c3c2959.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen geçiren duşuşygynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


166046e26b225d.jpeg
Çalik Enerji türk kompaniýasy Türkmenistanda elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin maliýe kepilligini aldy

Türkiýäniň Çalik Enerji energetika kompaniýasy Türkmenistanda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde kuwwaty 1,574 MWt bolan birleşdirilen aýlaw elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin Germaniýanyň “Commerzbank” bankyndan we Şweýsariýanyň Eksport Karz Agentliginden (ECA) 586 million ABŞ dollary möçberinde maliýe kepilligini aldy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.