TÄSIRLI GEÇEN BÄSLEŞIK
8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebiniň guramagynda müdirligimiziň diwanynda, awtoulag meýdançasynda, gulluklarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda sportuň şaşka görnüşi boýunça geçirilen ýaryş juda çekeleşikli boldy. Birnäçe gün dowam eden bu bäsleşigiň jemleýji oýunlary welaýatyň merkezi Balkanabat şäherinde geçirildi. Bäsleşikde «Balkanabatşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň II derejeli tehnigi Çynar Hajyýewa garşydaşlarynyň ählisini ýeňlişe sezewar edip, I orny eýelemegi başardy. Şol gaz hojalyk edarasynyň içerki öýler gullugynyň slesary Gurbansoltan Sadyýewa II orna, önümçilik-tehniki bölüminiň I derejeli inženeri Gözel Rahymowa III orna mynasyp boldy.
Çekeleşikli geçen ýaryşda ýeňiji bolan işgärlere müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hem-de Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.