Habarlar

Uzynadadaky täze önümli guýy

https://ussatnews.com/storage/posts/12387/original-169c161b92c194.jpeg

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Muňa Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada nebit-gazly käninde alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ýerasty ýangyç çig malynyň baý gorlaryna eýe bolan bu meýdançada ýakynda 75-nji ulanyş maksatly guýynyň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Tagangeldi Amanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparynyň hünärmenleri bu täze guýynyň Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ – 70 – DB» kysymly buraw desgasynda amala aşyrylan gazuw işlerini ýokary hilli ýerine ýetirip, meýilnamany bellenilen möhletinde tamamlamagyň hötdesinden geldiler. Taslama çuňlugy 6 müň 800 metre deň bolan bu täze guýuda özleşdirme işleri geçirilip, nebit we gaz kondensatynyň bol akymy alyndy.

— Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz senagatyna berýän yzygiderli aladasy netijesinde daşary ýurtlardan satyn alynýan kuwwatly buraw desgalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän burawlaýjylarymyz tehniki-sazlaýyş işleri üstünlikli tamamlanan bu täze guýyny «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine ulanyşa berdiler. Häzirki wagtda bu guýy bir gije-gündizde 91,7 kub metr nebit we gaz kondensatyny berýär.

Şu günler burawlaýjylarymyzyň Uzynada hazynalar ojagynda gazuw işlerini ýokary depginlerde alyp barýan guýularynyň sany üçe ýetýär. Kämil buraw desgalary has çuň gatlaklarda ýerleşýän ýangyç çig malynyň baý gorlaryna aralaşmaga ýardam berýär.

Hünärmenlerimiz şu günler has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagy maksat edinip, Barsagelmez, Günorta Bugdaýly, Atjan, Altyguýy, Ekizak ýaly baýlyk känlerinde gaýratly zähmet çekýärler. Olar döwrebap zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar — diýip, «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň baş geology Ýegenmyrat Hallyýew buýsanç bilen aýtdy.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.