Habarlar

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzda ilkinji doglan çagalarа Aşgabat hem Merjen atlary dakyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/1266/original-160ae8b83238d5.jpeg

Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde doglan ilkinji çagalaryň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Selbi we Yslam Orazmyradowlaryň maşgalasynda oglanjyk, Aýna we Ýazmuhammet Atajykowlaryň maşgalasynda bolsa gyzjagaz doguldy. Bäbejikleriň ikisi hem bu maşgalalaryň birinji çagalarydyr.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine habar berlişi ýaly, körpejeleriň saglygy kadaly. Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3 kilogram 720 gram. Körpejeleriň ikisiniň hem boýy 53 santimetr.

Ýaş maşgalalar, heniz çagalary dünýä inmänkä, milli Liderimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda ilkinji doglan oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen ýa-da Maýa adyny dakmak baradaky teklibini uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler.

Şoňa görä-de, körpejeleriň ene-atalary şeýle belent ýörelgeden ruhlanyp, oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen adyny dakmak kararyna geldiler.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.