Habarlar

Ýaryşlar ussatlary saýlady

https://ussatnews.com/storage/posts/12669/original-169f84824718f5.jpeg

Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan erkekleriň we gelin-gyzlaryň arasynda guralan bäsleşiklere «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň türgenleri we sporta höwesjeň ýaşlary gatnaşdy.

Nebitgaz toplumynyň döwrebap desgalarynda sportuň 9 görnüşi (stoluň üstünde oýnalýan tennis, uly tennis, küşt, şaşka, düzzüm, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, daş götermek, darts) boýunça bir hepde dowam eden bäsleşikler diýseň gyzgalaňly hem çekeleşikli boldy we sagdyn durmuşy ýörelge edinen ýaşlar üçin sport baýramçylygyna öwrüldi. Türgenleri saýlamaklyga, kämilleşdirmeklige, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeklige, işgärleriň agzybirligini, özara gatnaşyklaryny berkitmeklige gönükdirilen sport çärelerine şu ýyl höwesjeňleriň has köp gatnaşandygyny bellemelidir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny sütünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň sporty we bedenterbiýäni ösdürmeklige uly üns berýändiginiň, onuň halkymyzyň arasynda giň goldaw tapýandygynyň, sagdyn durmuşyň ýurdumyzda barha çuň kök urýandygynyň subutnamasydyr.

Nebitgaz toplumynda uly ruhubelentlikde şowhunly hem çekeleşikli geçen ýaryşlar ussatlary saýlady. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.