Hazaryň kenaryndaky şypahana zolagynda türkmenistanlylaryň howpsuz hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi
Tomsuna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänler syýahatçylyk ýa-da beýleki degişli ýerli düzümlerden şu wagta çenli 2257 sany ýollamanama resmileşdirildi. Şol ýollamanamalary alan raýatlara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan degişli rugsatnamalar berildi. Olara welaýatlardaky we paýtagtymyzdaky saglyk öýlerinde COVID-19-a garşy sanjym hem edildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Seýrana” we “Hazyna” myhmanhanalarynda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen “Tiz kömek” nokady döredildi.
Zolakda ýerleşýän ähli myhmanhanalarda dermanhanalar döredildi we olar zerur derman serişdeleri bilen üpjün edildi, şeýle-de bu ýerde ýerleşýän ilata hyzmat edilýän desgalara işe kabul ediljek işgärler lukmançylyk gözegçiliginden geçirildi we olara sanjym edildi.
Syýahatçylyk zolagynyň çäginde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat gözegçilik-geçiriş nokadynyň işi degişli tertipde ýola goýuldy. Dynç almaga gelýän raýatlar üçin myhmanhanalaryň awtoulaglarynyň hyzmatlary göz öňünde tutuldy.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky awtoduralgada COVID-19 ýokanjyny ekspres usuly bilen anyklamak ýola goýuldy. “Awaza” etrap saglyk merkezinde hem-de Türkmenbaşy şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasynda Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) enjamy gurnaldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şeýle enjamlaryň 3-si doly güýjünde ulanylýar.
şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi döwründe wagtlaýyn tertibine laýyklykda, awtoulaglaryň gatnawlaryna degişli netijeli çäreler göz öňünde tutuldy. Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerde gije-gündiziň dowamynda hereket edýän barlag-gözegçilik nokady döredildi. Onuň işine Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri çekildi.
Şeýle hem möwsüm döwründe jemgyýetçilik tertibini, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şu maksatlar üçin degişli tehnikalaryň, hususan-da, wideogözegçilik ulgamlarynyň netijeli ulanylmagy babatda çäreler görüldi. Suwda halas edijileriň gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýuldy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.