Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşy we eksporty artýar
«Türkmengaz» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyň depginini artdyrýar. Şu ýylyň dört aýynda ýer astyndan tebigy we ugurdaş gazyň 29 milliard kubmetre golaýy, ýagny geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 4 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy. Ösüş depgini 116,2 göterime deň boldy. «Mawy ýangyjyň» eksporty 24 göterim artdy. Bu görkezijileriň soňky bäş ýylyň içinde ýokary görkezijiler bolandygyny bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, pudagyň hünärmenleri döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň netijeli usullarynyň giňden ulanylmagyna, şeýle hem täze guýularyň işe girizilmegine aýratyn üns berýärler.
Uly möçberli maýa goýumlary nebitgaz toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin bölünip berilýär. Ýylyň başyndan bäri bu maksatlar üçin 1,7 milliard manada golaý serişde gönükdirildi.
Geçen dört aýyň dowamynda Türkmenistanda nebitiň we gaz kondensatynyň 3 million tonna golaýynyň çykaryldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda dürli kysymly benzinleriň 630 müň tonnadan gowragy, dizel ýangyjynyň 540 müň tonna golaýy, polipropileniň 27 müň tonnasy, çalgy ýaglarynyň 20 müň tonnadan gowragy öndürildi. Suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberi ýurdumyz boýunça 63 müň tonnadan gowrak boldy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.