Habarlar

«Galkynyş» käninde guýulary berkitmek we sementlemek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar

https://ussatnews.com/storage/posts/1318/original-160bcf2486badf.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň tamponaž müdirliginiň hünärmenleri guýulary berkitmek we sementlemek, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, duz-kislotaly işläp taýýarlamak işinde baý tejribe hem-de gymmatlyk başarnyklary edindiler. 2021-nji ýylynda müdirligiň burawçylary 9 mln 906 müň manatlyk sement işlerini ýerine ýetirdiler.

Şu ýylyň başyndan bäri «Galkynyş» käninde müdirligiň gazçylary tarapyndan № 283 guýuda turbalary sementlemek we berkitmek boýunça işler üstünlikli amala aşyryldy. Şol kände plastlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen № 203, 205, 310 guýularda duz-kislotaly işläp taýýarlama işleri üstünlikli ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda «Kerwen» ýatagyndaky №1 guýuda müdirligiň gazçylary turbalary sementleýji ergin bilen berkitmegi meýilleşdirýärler.

Guýulary sementlemek işi olarda gurnama işleriniň ähli tapgyrlarynda düýpli ünsi talap edýän çylşyrymly wezipedir. Hünärmenleriň ýokary hünär taýýarlygy we döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy netijesinde tamponaž müdirligi öňde goýlan önümçilik wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Müdirligiň ygtyýarynda alty sany ýokary tehnologik sementleýji desgalar bolup, olar guýulary sementlemek we berkitmek ulgamynda hyzmatlaryň giň toplumyny hödürlemäge ýardam edýär.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.