Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy. Bu iş sapary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gurluşyk işleri ilerleýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasyny amala aşyrmagyň täze depginini kesgitledi.
TOPH-nyň gurluşygynyň barşy Gahryman Arkadagymyz bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Taraplar gaz geçirijiniň möhüm bölegi bolan «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan 153 kilometrlik Serhetabat — Hyrat bölegine aýratyn üns berdiler. 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda gurluşygyna badalga berlen bu bölegiň gurluşyk işleri ýokary depginlerde dowam edýär. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käni giň gerimli taslamanyň çig mal binýady bolup durýar.
«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerine türkmen hünärmenleriniň 700-e golaýy gatnaşýar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän hemaýat-goldawlary netijesinde satyn alnan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 300-den gowragy ulanylýar. Desgalarda zerur bolan önümçilik we durmuş şertleri döredildi, munuň üçin gaz gurluşykçylary ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Duşuşygyň dowamynda owgan tarapy TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri has-da ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem işgärleri taýýarlamakda we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan talyplaryna bilim bermegiň okuw maksatnamalaryny giňeltmekde türkmen tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi gepleşikleriň möhüm bölegine öwrüldi. Resminama Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasynyň döredilmegini, senagat kärhanalarynyň, elektrik stansiýalarynyň we ilatyň tebigy gaz bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. TOPH taslamasy Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde möhüm ädim hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň girewi bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu iş sapary anyk ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen çäklenmän, eýsem, nobatdaky gezek bir aýdyň hakykaty tassyklady: TOPH — bu diňe energiýa köprüsi däl, ol ýurtlary birleşdirýän, millionlarça adamlar üçin täze gözýetimleri açýan hem-de sebiti durnukly we sazlaşykly geljege tarap ynamly alyp barýan möhüm ýoldur.
Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.