«Aýna gyzy» ýazan mugallym
«Durabilmez seni gören adamzat,
Akyl-huşum haýran eden, Aýna gyz...»
Bu setirleriň dowamyny ýazyp, gazetiň ýene-de birnäçe setirini eýeläp oturmagyň hajaty barmy? Sebäbi okyjylaryň tas ählisi diýen ýaly bu setirleriň «Aýna gyz» atly meşhur aýdymdandygyny, asyl-ha onuň dowamyny hem bilýändir. Çünki «Aýna gyz» dörän ilkinji günlerinden tä häzire çenli biziň toýlarymyzyň iň meşhur aýdymlarynyň biri.
Biziň bu gezekki söhbetdeşimiz şol meşhur aýdymyň sözleriniň awtory, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Myratmuhammet Myradow. Göwnüme bolmasa, bu at maňa birhili tanyş ýaly. Bu adyň nämäni ýatladýandygyny tä Atda mugallymyň – Myratmuhammet Myradowyň meşhur «Aýna gyzyň» awtorydygyny aýdýançalar aňyma getirip bilmedim. Bu habary eşidenimden soň bolsa, bu ady Türkmenistanyň halk artisti Gurbanmyrat Dagbaşyýew barada ýazylan makalalaryň birinde okanym ýadyma düşdi. Bu bolsa biziň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň baýry mugallymy bilen ymykly oturyp, gürrüň etmegimize sebäp boldy.
— Ýoldaş mugallym, halypa aýdymçy Gurbanmyrat Dagbaşyýew bilen döredijilik gatnaşygyňyz hakynda aýdaýsaňyz?
— Men Gurbanmyrat Dagbaşyýew bilen 1983–1992-nji ýyllarda aýdym-saz, döredijilik äleminde bile işleşenleriň biri. Şol döwürde, has takygy 1983-nji ýylda biziň bilen goňşuçylykda ýaşaýan aýal doganynyň öýüne gelýärkä, men onuň bilen tanşyp, özümiň hem goşgy döretmek bilen gyzyklanýandygymy aýtdym. Şondan bir ýyl öň türkmen sungaty özüniň ägirt zehinleriniň birini — Annaberdi Atdanowy ýitiripdi. Gurbanmyrat Dagbaşyýew onuň aýdym-saz toparynda saz çalansoň, eýýäm meşhurlyga ýetişen sungat ussatlarynyň biridi.
— Diýmek, ähli zat ýolugra duşuşykdan başlapdyr-da?
— Hawa, özem bu duşuşyk G.Dagbaşyýewiň adamkärçiligi baradaky pikirlerimi has-da gülletdi. Ol mähirli ýylgyryşy bilen: «Goşgularyň ýanyňdamy?» diýip sorady. Men ýanymda göterip ýören «Aýna gyz» hem-de «Söýmediň meni» diýen goşgularymy onuň eline berdim. Ol şol duran ýerinde goşgularymyň ikisini hem birnäçe sapar okap bolandan soň, beýleki goşgularym bilen hem gyzyklandy. Şeýlelikde, öý telefonymy ýazyp alyp, «Habarlaşaryn» diýip, goşgularymy alyp gitdi.
Adyna aşyk bolup ýörülen Gurbanmyrat Dagbaşyýew ýaly tanymal bagşy kim, meniň ýaly ýaňy öwrenje goşguçy kim? Halypa «Habarlaşaryn» diýse-de, habarlaşyljakdygyna mende känbir ynam ýokdy. Ýöne duýgularym meni aldan ekeni.
— Halypa jaň etdimi?
— Şondan kän gün geçmänkä, ol öýümize jaň edip, meniň öýdedigimi ýa däldigimi sorady. Birnäçe günden soňam akkordeonyny arkasyna alyp, öýümize geldi. Ilki bilen, «Aýna gyz» diýen goşgyma döreden aýdymyny, yzyndan bolsa «Söýmediň meni» diýen goşgymy aýdym edip aýdyp berdi. Soňra bu aýdymlaryň ikisi üçin hem gaýtalamanyň gerekdigini aýtdy. Iki bolup maslahatlaşyp, aýdymlaryň ikisine-de gaýtalama bentleri goşduk. Ine, meşhur «Aýna gyz», soňam meşhurlygy edil şonuň bäri ýanyçarak, synpdaş gyzyny söýen magşuk ýigidiň adyndan aýdylýan «Söýmediň meni» şeýdip döredi.
Halypa şol gün «Jumagözel» hem-de «Sülgünim» diýlip atlandyrylan ýene-de iki goşgymy hem alyp gitdi. Şeýlelikde, Gurbanmyrat Dagbaşyýew bilen dört sany meşhur aýdyma şäriklik ykbalyma nesip etdi.
— Diýmek, Gurbanmyrat Dagbaşyýew «Aýna gyz» bilen «Ýaňlan, Diýarymyň» ýeňijisi bolanda, hemmeden beter siz begenen bolsaňyz gerek?
— Ol ýakymly gün meniň hiç haçan ýadymdan çykmaz. Halypa 1992-nji ýylda «Aýna gyzy» «Ýaňlan, Diýarym!» döwlet bäsleşiginde aýdyp, birinji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolandan soň, onuň bu üstünligi buşlamak hem şatlygy deň paýlaşmak üçin ýene-de ýylgyrjaklap öýümize gelşi şu günki ýaly ýadymda. Çaý-nahar mürähet edenime-de garaman, ýene-de iki günden teleýaýlymda çykyş etmek üçin Watanymyzy wasp edýän täze goşgynyň gyssagly gerekdigini aýtdy. Men oturyp, gyssagly ýagdaýda «Türkmenistanym» diýen goşgymy döretdim. Kalby sungata ýugrulan halypa bolsa şygryň doly tamamlanaryna-da garaşman, her bendi aýratynlykda eline alyp, aýdyma hiňlenýärdi. Meni-de her bir bendi aýratyn kagyza ýazmaga mejbur etdi. Goşgyny boldum eden dessime-de, öýüne tarap ýelk ýasaýdy. Şondan iki gün soňam, öýlän bäşlerde jaň edip, agşam 21:30-da teleýaýlyma tomaşa etmegi, «Türkmenistanym» diýen täze aýdymy ýerine ýetirendigini habar berdi.
— Halypa hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanyň halk artisti» diýlen hormatly at berlende-de ilki begenenleriň biri siz bolmaly!
— Ýogsam näme?! Bilýäňmi, ol sähel zada çaga ýaly begenip bilýärdi. Dostluk, adamkärçilik ýaly häsiýetleri juda artykmaçdy. Ol türkmen halkyna diňe bir ajaýyp aýdymlary däl-de, adamkärçiligi tug edinen ägirdiň nusgasyny galdyrdy. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň Permanynda Gurbanmyrat Dagbaşyýewiň ady tutulanda: «Sag boluň, Gahryman Arkadagym! Türkmeniň aýdym-saz sungatyna goýýan belent hormatyňyz üçin taňryýalkasyn!» diýip, öz ýanymdan dillenenimem duýman galdym. Halypa ýakymly aýdymlary bilen halkyň ýüreginde orun aldy. Hormatly Prezidentimiz bolsa il-günüň islegini hasyl edip, oňa belent ady berdi. Bu at Gurbanmyrat Dagbaşyýewiň özüne we onuň müňlerçe muşdagynyň sungata bolan söýgüsine belent sarpadan nyşandyr. Milli sungatymyza, onuň görnükli wekillerine goýýan belent hormaty üçin Gahryman Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.
— Atda mugallym, täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Size mundan beýläk hem işde-de, döredijilikde-de üstünlik arzuw edýäris.
— Sag boluň!
Agageldi ITALMAZOW.
Ussatnews.com.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.