Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynda beýan edilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň kerwenbaşysy –— ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň maksada okgunly syýasatynyň netijesinde ýangyç-energetika toplumynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredildi. Kärhanalarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň sanly tehnologiýalary we innowasion enjamlar işjeň ornaşdyrylýar, ekologiýa abadançylygynyň hem-de zähmeti goramagyň standartlary berjaý edilýär.
Döwletimiz şol bir wagtda ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna hem-de ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň pudagyň zerurlyklaryna yzygiderli üns bermegi, energetika pudagynyň hünärmenleriniň işine ýokary baha bermegi olarda röwşen geljege bolan ynamy berkidýär hem-de eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna täze sepgitleri eýelemäge kuwwatly itergi berýär we işe bolan höwesini has-da artdyrýar.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz taryhy çykyşynda ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň strategik ähmiýetini aýratyn belledi. Bu ägirt uly gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi tebigy gazyň ýurduň içine hem-de halkara bazarlara ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi şanly waka öwrüldi. Täze düzümleýin desgalaryň gurulmagy ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýüzlerçe täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.
Transmilli başlangyçlara, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygyna aýratyn orun berildi. Taslamanyň «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat — Hyrat bölegi möhüm ähmiýete eýe bolup, ol ýurdumyzyň parahatçylykly we döredijilikli daşary syýasy ugrunyň nyşany bolup çykyş edýär.
Şol bir wagtda gaýtadan işleýän kuwwatlyklar artdyrylýar: Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze desgalar gurulýar we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody döwrebaplaşdyrylýar.
“Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzy öňdebaryjy senagat we ýokary tehnologiýaly önümçilik merkezine öwürmäge gönükdirilendir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Halk Maslahatynyň belent münberinden nebitgaz pudagynyň işine ýokary bahanyň berilmegi «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işgärleri tarapyndan çuňňur hoşallyk we buýsanç duýgusy bilen kabul edildi. Pudagyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladasyna tutanýerli zähmet çekmek we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen jogap bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Şol işleriň hatarynda täze ýataklary özleşdirmek, çig malyň düýpli gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, innowasiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek we zyňyndylary azaltmak ýaly wezipeler bar.
Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemleri Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň geljege ynamly seredip, halkymyzyň abadançylygynyň we özygtyýarly Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň esasy kepili bolup galýandygyny tassyklady.
Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.