Makalalar

Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

https://ussatnews.com/storage/posts/13748/original-16acd1beb287a4.jpeg

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.

Energiýa serişdelerine islegiň artýan şertlerinde energetika howpsuzlygy meselesi ýene-de öňdäki hatara çykýar. Häzir dünýä üçin durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply ygtybarly, elýeterli we arassa energiýa hem-de pes uglerodly ykdysadyýete geçmek zerur bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän strategiýasy şol wezipelere anyk jogap bolup durýar. Onuň esasynda möhüm ýörelgeleriň üçüsi: energetika howpsuzlygy, ekologiýa jogapkärçiligi we giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy durýar.

Dünýäde tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dördünji orunda durýan Türkmenistan üýtgeşik ýagdaýy eýeleýär. Tebigy gaz bu gün däbe öwrülen we gaýtadan dikeldilýän energetikanyň arasynda ygtybarly “köpri” bolup hyzmat etmek bilen, global energetika geçmegiň barşynda durnuklylygy üpjün edýär.

Ägirt uly “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek gaz pudagyny ösdürmegiň milli maksatnamasynyň binýady bolup çykyş edýär. Ony gaýtadan işlemegiň ýedi tapgyry her ýylda çykarylýan gazyň mukdaryny 200 milliarda golaý kubmetre ýetirmäge niýetlenendir. Birinji tapgyryň çäklerinde eýýäm umumy kuwwaty bir ýylda 30 milliard kubmetr gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň üçüsi üstünlikli hereket edýär.

2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde şanly waka bolup geçdi, şol gün Gahryman Arkadagymyzyň we HHR-niň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň Birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyryna badalga berildi. Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan bu giň gerimli taslama kuwwaty bir ýylda 10 milliard kubmetre deň bolan harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň gurluşygyny öz içine alýar.

“Türkmengaz” DK-niň buýurmasy boýunça baş potratçy hökmünde CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd. Kompaniýasy çykyş etdi. IV tapgyryň amala aşyrylmagy täze iş orunlarynyň müňden gowragyny döreder hem-de sebitiň senagat taýdan ösüşini berkidip, II we III tapgyrlaryň çäklerinde halkara maýadarlar jemgyýeti üçin goşmaça mümkinçilikleri açar.

Şol birwagtda Türkmenistan eksport geçelgelerini ösdürmegiň strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunda Hytaý iri hyzmatdaş bolup durýar: Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisiniň üç şahasy boýunça eýýäm mawy ýangyç eksport edilýär, dördünji şahanyň (D) gurulmagy bolsa, ulgamyň umumy kuwwatyny bir ýylda 65 milliard kubmetre çenli artdyrar.

Geçirijilik ukyby bir ýylda gazyň 33 milliard kubmetrine deň boljak Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gazgeçirijisi (TOPH) sebitde goşulyşmagyň möhüm taslamasy bolup durýar. Serhetabat-Hyrat gazgeçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly diýlip atlandyrylýan 153 kilometrlik owgan böleginiň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Onuň işinde türkmen hünärmenleriniň 700-e golaýy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermegi bilen satyn alynan, ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalaryň 300-den gowragy işleýär.

Şeýle hem Türkmenistan Ýakyn Gündogar we Ýewropa ugurlarynda täze geçelgeleri öwrenýär, şeýle hem “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Kanunyň esasynda Hazar deňziniň türkmen böleginiň serişdelerini işjeň özleşdirýär. Bu resminama geologiýa gözlegiň, gazyp almagyň we gaýtadan işlemegiň hukuk esaslaryny kesgitläp, ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň rejeli ulanylmagyny we saklanylmagyny üpjün edýär.

Türkmenistan iri gaz ugradýan döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine aýdyň düşünmek bilen, ekologiýa aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň COP28 halkara maslahatynda çykyş edip nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň Global metan borçnamasyna goşulmagy dünýäniň klimat maksatlaryna ygrarlygy tassyklaýar.

Türkmenistan tebigatyň gorag tehnologiýalaryny ornaşdyryp, ugurdaş gazyň ulanylmagyny giňeldip we ugradanda onuň ýitgisini azaltmak bilen, energetikanyň ösdürmek işiniň tebigat billen sazlaşykda gidip biljekdigini subut edýär. Bitaraplyk syýasatyndan we “Açyk gapylar” strategiýasyndan ugur almak bilen, ýurdumyz maýadarlary geljegiň giň gerimli taslamalaryny bilelikde amala aşyrmaga çagurýar.

Ussa Ussaýew,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.


16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.

16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.