Habarlar

Ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar

https://ussatnews.com/storage/posts/1385/original-160cafebe58679.jpeg

Suwdan oýlanyşykly peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry. Munuň özi, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyny depginli ösdürmek, daşky gurşawy goramak we ilaty arassa agyz suwy bilen yzygiderli üpjün etmek baradaky wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň suw hojalygyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de bu pudaga döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreler görülýär. Bu babatda öňde duran wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan zerur suw göterijileri, elektrik enjamlaryny, ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak boýunça bäsleşik geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda täze suw howdanlaryny gurmak hem-de bar bolanlarynyň göwrümlerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar.

Giň gerimli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bugdaýyň, pagtanyň hem-de beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, obasenagat ulgamynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.