Habarlar

Türkmenistanda portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy

https://ussatnews.com/storage/posts/1393/original-160cef3ed458c5.jpeg

Sementiň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak hem-de olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksady bilen Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy.

“Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak meýdançasynyň dag jynslary bu önümçilik üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Bu mineral daşlary özüniň fiziki we himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement öndürmäge hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilişini köpeltmege mümkinçilik berýär.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi pudagy ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk işleri hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur ýokary hilli gurluşyk serişdelerini çykarmak, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze zawodlary ulanmaga girizmek, ýerli mineral-çig mal serişdeleriniň esasynda önüm öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirýär.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.