Habarlar

Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy

https://ussatnews.com/storage/posts/1413/original-160d2deefa052e.jpeg

22-nji iýunda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň gerimli döredijilik çäresi 2013-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäre milli medeniýetiň köpöwüşginliligini, onuň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda aýratyn ähmiýetlidir. Şu ýyl bu giň gerimli çäre eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de ak mermerli türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ýaly ajaýyp senelere gabat geldi.

Däp bolşy ýaly, Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar. Munuň özi nesilleriň ruhy arabaglanyşygynyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Ýurdumyzyň sebitleriniň her biri her ýyl geçirilýän bu giň gerimli medeni çäräni nobatma-nobat kabul etmek bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşine goşýan goşandyny, gazanýan üstünliklerini hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny görkezmäge çalyşýar.

Medeniýet hepdeligine gatnaşýanlaryň hatarynda meşhur teatr artistleri, estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, muzeýdir kitaphana işiniň hünärmenleri, sazandalar, suratkeşler, şahyrlar, aýdym-saz hem-de meşhur folklor-etnografik toparlar bar.

Ruhyýet köşgüniň iki tarapynda bezelen pawilýonlar ýerleşdirildi. Olarda türkmen paýtagtynyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri öz ekspozisiýalaryny ýerleşdirdiler. Pawilýonlar türkmeniň ak öýüniň binagärligi üçin mahsus bolan aýlaw görnüşindedir. Munuň özi türkmenleriň myhmansöýerliginiň, taryhy kökleriň, medeni mirasyň aýawly saklanýandygynyň nyşanydyr.

Ak öýüň görnüşindäki aýlawyň merkezinde dutarçylar topary milli aýdym-sazlary ýerine ýetirýärler. Sazandalaryň ýerleşişi dutaryň şekilini emele getirýär. Munuň özi ýokardan has aýdyň görünýär.

Pawilýonlaryň her biri uly monitorlar bilen üpjün edilipdir. Olarda paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň gazanýan üstünlikleri baradaky wideofilmler görkezilýär.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. “Lebap welaýatynda geçiriljek bu çäre özboluşly baýramçylyga öwrüler, türkmen medeniýetini we sungatyny has-da ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge uly ýardam berer, edebiýatymyzy döwrebap eserler bilen baýlaşdyrar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Dabara ýurdumyzyň dürli sebitleriniň aýdymçylary hem-de döredijilik toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Olar sungatyň dili bilen Garaşsyz Watanymyzy wasp etdiler. Açylyş dabarasynyň döredijilik bölegi gadymy “Küştdepdi” tansy bilen tamamlandy. Bu tans umumadamzat möçberinde uly gymmatlyk diýlip ykrar edildi.

Soňra 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeligi Ruhyýet köşgünde dowam etdi. Şol ýerde “Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir” atly maslahat geçirildi. Köşgüň eýwanynda foruma gatnaşyjylary eziz Watanymyz barada goşgulary labyzly okaýan çagalar garşylaýarlar. Ýaş skripkaçylaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlanýar.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary meşhur aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki konsert çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. “Ene-ata sarpasy — iň mukaddes borjumyz” atly edebi-sazly kompozisiýa bolsa bu çäräniň esasy pikirini we özenini açyp görkezdi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, ruhy taýdan baý we sazlaşykly ösýän ýaş nesli terbiýelemek meselelerine, jemgyýetde maşgala gymmatlyklaryny, ruhubelent ýörelgeleri pugtalandyrmaga uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Mirasymyz — buýsanjymyz” atly döredijilik duşuşygy hem-de ýurdumyzyň muzeýleriniň hünärmenlerini birleşdiren maslahat geçirildi. Çäräniň barşynda innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy nazara almak bilen, ýurdumyzyň muzeý işini ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hünärmenler şeýle hem oba muzeý sergilerini guramakda tejribe alyşdylar.

Muzeý Medeniýet hepdeligine gabatlap, sebitiň suratkeşleriniň sungata bagyşlanan işleriniň gallereýasyny taýýarlady. Lebap welaýatynyň suratkeşleriniň döredijiligi köpöwüşginlidir. Ýöne olaryň ählisini eziz Watana, mähriban tebigata we türkmen halkyna bolan uly söýgi birleşdirýär.

Hepdäniň dowamynda şäheriň “Bitaraplyk” seýilgähinde guralan “Türkmeniň toý döwresi” atly sahna meýdançasy ýurdumyzyň döredijilik toparlary üçin özboluşly hasabat meýdançasyna öwrüler. Baýramçylyk dabarasy Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen açyldy.

Başga habarlar
16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.


16ab53625587cb.jpeg
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.

16aa91fc63abdc.png
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.


16aa8e8df3d76e.png
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.