Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna iş sapary başlandy
22-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady. Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinde welaýat häkimi milli Liderimize sebitiň gallaçylarynyň döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hoş habary kabul edip, welaýatyň ekerançylarynyň bu sebitde Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde gazanan zähmet ýeňşiniň ähmiýetini nygtap, hemmeleri goşa baýram bilen gutlady. Ýurdumyzda ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetiren lebaply gallaçylaryň Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrandyklaryny belläp, döwlet Baştutanymyz bu üstünligiň gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň, däne daşaýan awtoulag sürüjileriniň, welaýatyň ähli oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmetiniň netijesidigini aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary dowam edýär.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.