HHR-iň kompaniýasy «Galkynyş» käninde täze guýulary gurmak boýunça halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy
«CNPC Chuanging Drilling Engineering Company Ltd» hytaý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde täze guýulary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barmak babatda halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy. Bu barada wise-premýer Ş.Abdrahmanow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.
Wise-premýerň habar berşi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan täze guýulary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barmak babatda halkara bäsleşik geçirildi we Hytaýyň “CNPC” kompaniýasynyň täjirçilik teklibi has amatly hasaplanyldy.
Kompaniýanyň teklibine laýyklykda, işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek we amala aşyryljak işler üçin hasaplaşyklary 2007-nji ýylda baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda, üç ýylyň dowamynda tebigy gazy ugratmagyň hasabyna geçirmek meýilleşdirildi.
Prezident hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şertidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, täze uglewodorod ýataklarynyň, şol sanda dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça iri hasaplanylýan “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmelidigini belledi.
Bu babatda energetika ulgamynda birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan HHR-iň iri kompaniýalary bilen oňyn tejribe toplanyldy. Her ýylda onlarça million kub metr möçberde tebigy gaz ugradylýan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändigini aňladýar. Şeýle hem halkara gatnaşyklary tejribesinde bu taslama döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze guýular burawlananda we türkmen gazyny eksporta ugratmakda möhüm orun degişli bolan “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Öň, Mary welaýatynda ýerleşen «Galkynyş» käninde Hyundai Engineering CO. LTD (Koreýa Respublikasy), CNPC (Hytaý) we Petrofac International LLC (BAE) kompaniýalary tarapyndan umumy kuwwaty ýylda 30 mlrd kub metr harytlyk gaza barabar bolan kükürt arassalamak boýunça üç sany iri gazy gaýtadan işleýän toplum gurlup ulanylmaga berildi.
«Gafney, Cline & Associates» britan kompaniýasy «Galkynyş» käniniň ätiýaçlyk gorlaryny 26,2 trln kub metrden 27,4 trln kub metre çenli artdyrdy.
Şu ýylyň iýun aýynyň ortalarynda Ş.Abdrahmanow «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmek üçin Hytaý tarapyndan bölünip berlen karz serişdeleriniň doly yzyna gaýtarylandygyny habar berdi.
Häzirki wagtda «Galkynyş» känindäki gaz içerki bazarlara hem-de Türkmenistan – Özbegsitan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa iberilýär. Mundan başga-da, bu kän ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metre barabar boljak Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi üçin çig mal çeşmesi hökmünde kesgitlenildi. Bu käniň çig malynyň Ýewropa ugurdaky ibermelerde hem ulanylmagy göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.