Habarlar

Adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/1436/original-160d8d0fd429b3.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama ýurdumyzyň milli we tebigy howa aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, 2021 — 2025-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallaryny, çöl ösümliklerini hem-de tokaý zolaklaryny döretmegiň meýilnamasyny kesgitlemek meýilleşdirilýär. Tokaý zolagy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň tebigy ekoulgamlaryny we toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, tokaý hojalyklarynda hem-de döwlet tebigy goraghanalarynda ýerleşdiriljek bag nahallarynyň görnüşlerini we möçberlerini, Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyklykda taýýarlanyljak kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, ýurdumyzda tokaýçylygy ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly ylmy-barlag işlerini hem-de guramaçylyk çärelerini tassyklamak göz öňünde tutulýar.

BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň wajyp ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli tokaý maksatnamasyna möhüm orun degişlidir. Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň ähli ilaty işjeň gatnaşýar. Ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine badalga berýän ählihalk bag ekmek çäreleri asylly däbe öwrüldi.

Häzir ýurdumyzyň dürli künjekleriniň giň çäklerinde bu köpýyllyk işiň netijeleri aýdyň görünýär. Diýarymyzda tokaýlaryň, baglaryň, seýilgähleriň we seýilbaglaryň köp sanlysy döredildi. Täze tokaý zolaklary her bir şäheriň, ilatly ýeriň töwereginde peýda bolýar. Köpetdagyň etegi, Aşgabadyň daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrülýär.

Giň gerimli bag ekmek işleri Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmek babatda umumydünýä işine goşýan saldamly goşandydyr. Her bir şäheriň we obanyň töwereginde tokaý zolaklary peýda bolup, olar amatly howa ýagdaýyny döredýärler.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.