Owganystan meselesi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
7-nji iýulda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Owganystan meselesi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde guraldy.
Mejlise Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Natalýa German, şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Talgat Kaliýew we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynda (UNAMA) BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça syýasy meseleler babatda ýörite wekiliniň orunbasary Mette Knudsen dagy gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar sebit hyzmatdaşlygyny, Owganystanda parahatçylygy üpjün etmek, howpsuzlyk, ykdysady ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurdaky özara hereketleriň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly işjeň pikir alşyldy.
Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek ugrundaky gepleşikleriň oňyn ösüşini gazanmakda dünýä jemgyýetçiliginiň syýasy we durmuş-ykdysady goldawynyň ähmiýetini hem-de şol gepleşikleriň oňyn netijesiniň sebitdäki we onuň daşyndaky syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy bilen gönüden-göni bagly bolup durýandygyny nygtady.
Owganystan bilen bilelikde bitewi geosyýasy we geoykdysady giňişligi emele getirýän we bu ýurt bilen köpasyrlyk taryhy, medeni gatnaşyklary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orny aýratyn nygtaldy. Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine ynsanperwer goldaw arkaly mundan beýläk-de ýardam bermegi maksat edinýär.
Taraplar sebitdäki ýagdaý boýunça garaýyşlaryny beýan etdiler we anyk teklipler boýunça pikir alyşdylar.
Türkmen tarapy şeýle hem sebit we halkara giňişlikde syýasy hem-de diplomatik tagallalary işjeňleşdirmegi goldamak bilen, bu ugurda BMG-niň möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň we halklaryň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň esasy gurallaryny öz şygarynda beýan edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti nygtaldy.
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.