Hormatly Prezidentimiz “Rahat” atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata berdi
Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýunda ir säher bilen Hazaryň kenaryna çykyp, irki maşklaryny ýerine ýetirdi we welosipedde gezelenç etdi.
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän milli Liderimiz sport bilen meşgullanmagyň her bir adamyň ýaşaýyş kadasyna öwrülmelidigini ündeýär.
Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenji Hazaryň kenaryndaky ajaýyp künjekde ýerleşýän gämi duralgasynyň ýanynda tamamlady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ygtyýaryna gelip gowşan “Rahat” atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata bermek çäresine gatnaşdy.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan bu ýokary tizlikli ýolagçy gämisi deňizde gezelenç etmegi halaýan syýahatçylar we jahankeşdeler üçin niýetlenendir. Gäminiň umumy uzynlygy 33 metrden gowrakdyr.
Täze gäminiň serkerdesi döwlet Baştutanymyza “Rahat” atly ýokary tizlikli, ähli amatlyklary bolan ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşe taýýardygy barada hasabat berdi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan ilkinji ýüzüşe ak pata bermegini haýyş etdi.
Milli Liderimiz egindeşleri bilen ak guwa çalymdaş ak gämä mündi. Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen “Rahat” atly gämi gojaman Hazaryň giňişligi boýunça ýüzüşe badalga aldy.
Ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan gämi rahat ýüzüşi amala aşyrmak, ýüzüşiň dowamynda oňaýly dynç almak hem-de deňiz giňişligini synlamak üçin zerur şertler bilen üpjün edilipdir. Döwrebap bezegi, kenardan 100 mile çenli uzaklykda ýüzüşi amala aşyrmaga mümkinçiligi bolan bu gäminiň tehniki görkezijileri we enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman ýolagçy gämilerine bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär.
Bu gäminiň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklaryň esasynda ýurdumyz üçin gurlandygyny bellemeli. Munuň özi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň aýry-aýry sebitleriniň, hususan-da, Tatarystanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.
Ýeri gelende aýtsak, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de söwda ýollaryny ösdürmek boýunça işleriň çäklerinde Türkmenistan beýleki Hazarýaka ýurtlar ýaly, milli gämiçilik ulgamynyň kuwwatyny artdyrmaga uly üns berýär.
Şeýlelikde, soňky ýyllarda türkmen tarapynyň buýurmasy boýunça döwrebap tankerler hem-de söwda flotunyň beýleki gämileri guruldy we ulanmaga berildi. Olaryň ýokary ulanyş häsiýetnamalary, innowasion tehniki ölçegleri gämileri deňiz arkaly ýük daşamalar bazarynda zerur bolan ulaglaryň hataryna çykarýar.
Ýolagçy gämilerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak we yzygiderli üstüni ýetirmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. “Rahat” atly täze gäminiň portumyza gelmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Gojaman Hazaryň tolkunlarynyň arasyndan ýol külterleýän gämi kenardan daşlaşdy. Gözýetimde asman bilen birleşýän ajaýyp deňiz giňişligi haýran galdyrýar. Bu ýerden kenarda ýaýylyp gidýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň keşbi has-da gözel görünýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy we yzygiderli tagallalary netijesinde, Hazar deňziniň türkmen kenarynda giň möçberli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän ösen syýahatçylyk hem-de dynç alyş düzümini döretmäge ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz her bir sebitiň, şol sanda deňizýaka sebitiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Deňizde ýüzüşiň dowamynda döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginde alnyp barylýan netijeli işleri yzygiderli dowam etmek, Hazaryň ekologiýasynyň ýokary derejesini, onuň biodürlüligini saklamak we künjegiň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz boýunça gezelenjiniň dowamynda Hazaryň kenarynda işjeň dynç alşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we onuň görnüşlerini artdyrmak boýunça talabalaýyk işleriň amala aşyrylmagy zerurdyr diýip belledi.
Bu möhüm ugurda alnyp barylýan işlerde adam, olaryň bagtyýar durmuşy we amatly dynç alşy hakyndaky alada uly üns berilmelidigi nygtaldy.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gämiler toplumynyň üstüni ýetiren täze gämi Hazaryň giňişliginde asuda ýüzüşini dowam etdi.
Syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenen ak gar ýaly gämi ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrdy.
Milli Liderimiziň ak patasy bilen badalga berlen “Rahat” atly gämi ilkinji ýüzüşini tamamlap, deňziň kenarynda saklandy.
Döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen gutladylar we gämä mundan beýläk-de şowly ýüzüşleri arzuw etdiler.
Milli Liderimiz hoşlaşanda, “Rahat” gämisiniň serkerdesine we ekipažyň ähli agzalaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanly kiçijik pianinoçynyň ilkinji ýeňişi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär.
Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygyna
Türkmenistanyň milli saz medeniýeti aýdym-saz medeniýetiniň däp-dessurlaryna baýlygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň bagşyçylyk sungaty özünde aýdym aýtmak ussatlygyny we dutar ýerine ýetirijilik sungatyny birleşdirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow 25-nji dekabrda gysga wagtlyk söhbetdeşlikde Peterburg bilen Türkmenistanyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi
21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.