Mekan Rejepowyň ekiz perzentleriniň dünýä inen güni iň bagtly güni boldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kalby joşgunly, zehinli aýdymçylaryň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Mekan Rejepowdyr. Onuň «Janym Watan», «Ýadyňda dälmi», «Aşgabadyň bahary», «Nar agajy» ýaly aýdymlary diňleýjileriň göwün dünýäsine mähir paýlaýar. Biz hem ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.
— Mekan, söhbedimiziň başyny häzirki alyp barýan işleriňiz baradaky gürrüň bilen başlaýalyň!
— Baş üstüne. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna Medeni-işewürlik merkezimizde zähmet çekýän her bir sungat işgäri öz döredijilik goşandyny goşmak üçin uludan taýýarlyk görýär. Watanymyzy wasp edýän «Watan» atly aýdymymy baýramçylygyň öň ýanynda diňleýjilere ýetirme niýetim bar.
— Sungata dahylly maşgaladan bolmagyňyzyň aýdym-sazyň inçe tärlerini ussatlyk bilen ele almagyňyza täsiri uly bolandyr. Şular dogrusynda aýdaýsaňyz!
— Aýdym-saz çagalykdan göwün hemram boldy. Aşgabat şäheriniň Gökje obasynda sungat maşgalasynda doguldym. Paýtagtymyzdaky 41-nji orta mekdebi tamamlap, Türkmen döwlet medeniýet institutynda okuwymy dowam edip, halypa mugallymlardan aýdym-sazyň inçe tärlerini öwrendim. Atam Baýja Rejepow dutar çalyp, aýdym aýdan bolsa, atamyň dogany Durdy kakam gyjak çalyp, aýdym aýdar eken. Kakam, Ýazmuhammet kakam aýdym-saza ömrüni baglan adamlar. Kakam dutar-gyjak çalyp, estrada aýdymlaryny-da aýdardy. Halypa bagşylar öýümizde üýşüp, aýdym aýdardylar. Şeýdip, çagalykdan aýdym-sazyň içinde ösüp ulaldym.
— Aýdymçynyň ussatlyga ýetmeginde halypalaryň uly orny bar. Söhbedimizi şu babatda dowam edäýseňiz.
— Sungatda her aýdymçynyň öz ruhy lezzet beriş ukyby, başarnygy, owazy, akgynly heňi, ugry bolmalydyr, iň esasy zat, öz ýoluňy tapmaga synanyşmaly. Halypalarym kakam hem-de Ýazmuhammet kakam. Aýdyma duýgy berip aýtmagyma bolsa, şahyr, kompozitor Annabaýram Aýdogdyýew halypalyk etdi. Halypamyň inisi Çary Aýdogdyýew sazanda bolansoň, onuň bilen hem birnäçe aýdymlary döretdik. «Ýaşlyk» teleýaýlymynda Annabaýram halypa bilen çagalar üçin birnäçe aýdym-sazlary ýazdyk.
— Siziň ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz haýsy?
— Ilkinji gezek «Gelmediň» atly aýdymy mekdepde okaýan döwrüm ýerine ýetiripdim. Bu aýdym sungat ýolumdaky ilkinji üstünligim bolupdy.
— Aýdym-saz sungatynda esasy üns bermeli zat näme diýip hasap edýärsiňiz?
— Sungat ynsan kalbyna mähir çaýýar. Şonuň üçin-de ýerine ýetirýän aýdymyň manysyny duýup, onuň içine girip aýtmaly. Kämil goşgular aýdymyň şowly çykmagyna getirýär. Aýdym-saz sungatynda esasy üns berilmeli zatlar şularmyka diýýärin.
— Siz kinofilmlerde hem keşp döredýärsiňiz. Keşp janlandyrmak hem özboluşly ussatlygy talap edýär...
— Kino sungatynda halypalar bilen keşp janlandyrmak hem-ä jogapkärli, galyberse-de onuň döredijiligiňe-de uly täsiri bar. Ilkinji gezek «Täze bagt» atly täze ýyl telefilminde aşyk oglanyň keşbini janlandyrdym. Soňra birnäçe kinofilmlerde Aşyrmyrat Gurbanow, Hojadurdy Ýegendurdyýew bilen keşp janlandyrmak miýesser etdi. «Çepbäniň toýy» atly telefilme «Çagyrýan» diýen aýdymy ýazdyk. Režissýor Tirkiş Garaýewiň teklibi bilen ýazylan aýdym diňleýjileriň söýgüsini gazandy. «Çeper gyz» atly aýdymym Hojadurdy Ýegendurdyýew bilen surata düşürilen kinofilm üçin ýazylypdy. Bu kinofilmde sazandanyň keşbini janlandyrdym.
— Durmuşyňyzdaky bagtly pursatlary ýatlaýsaňyz.
— Ekiz perzentlerimiň dünýä inen güni iň bagtly günüm boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, Şa serpaýyna mynasyp bolmagym meni täze aýdymlary döretmäge ruhlandyrdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldum.
— Okyjylarymyzy maşgalaňyz hakyndaky gürrüňleriňiz hem gyzyklandyrsa gerek.
— Maşgalamda gelnim Orazgül bilen agzybirlikde, birek-birege hormat goýup, dört perzendimize guwanyp ýaşaýarys. Ekizjelerim — gyzym Asman, oglum Osman 6 ýaşynda, kiçi gyzym Janan 5 ýaşynda, körpäm Şeýda 2 ýaşynda. Maşgala agzalarymyň hemmesi aýdymdyr saza höwesek. Olar meniň ilkinji diňleýjilerim.
— Öňde goýýan maksatlaryňyz barada-da aýdaýsaňyz.
— Sungata şeýle uly sarpa goýulýan döwürde kalbyň joşup, täze aýdymlary, ýürege ýakyn eserleri döredip, Watanymyzyň ösüşlerini wasp edip işlemek biziň baş maksadymyz. Geljekde-de halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek üçin täze aýdymlary dörederis.
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.