Aziadanyň mirasy «Forum plýus» žurnalynda
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edildi. GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde çap edilýän «Forum plýus» žurnalynyň «Binagärlik ýyly» atly ýörite taslamasy hut şu tema bagyşlandy.
GDA-nyň şäherlerinde häzirki zaman binagärligi hakynda gürrüň berýän makalalar tapgyryny «Aşgabat Aziadasynyň mirasy» atly makala açýar. Onuň awtory «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň jogapkär kätibi Ruslan Muradow.
Makalada bellenilişi ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen uly sport baýramçylygynyň — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda ulanmaga berlen Olimpiýa şäherçesiniň bina edilmegi milli sporty ösdürmekde möhüm waka boldy. Şondan bir ýyl geçenden soň, bu ýerde Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Aşgabadyň myhmansöýerlik bilen kabul eden şol we beýleki wekilçilikli ýaryşlary hem-de ýene kabul etmegi maksat edinýän şeýle çäreleri Türkmenistanyň sport abraýyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurduň içinde sportuň meşhurlygynyň artmagyna ýardam etdi.
Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewi Aziada — 2017-niň resmi nyşany boldy. Syratly we ýelden ýüwrük bedew sport nyşany hökmünde tötänden saýlanyp alynmady, ol, bir tarapdan, sportuň aýrylmaz alamatlary bolan tizligi, güýç-gaýraty we gözelligi alamatlandyrsa, beýleki tarapdan, milli aýratynlygyň şöhlelenmesi bolup durýar. Aşgabadyň köçelerinde we meýdançalarynda atlaryň dürli heýkellerine duş gelmek bolýar, atly toparlar baýramçylyk at çapyşyklaryna, harby ýörişlere gatnaşýarlar diýip awtor belleýär.
Makalada Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän desgalar — Merkezi stadion, ýeňil atletika toplumy, ýapyk welotrek, tennis korty suratlandyrylýar. Suw toplumy açyk we ýapyk howuzlary öz içine alýar — olarda suwda ýüzmek, suwa bökmek we suw polosy boýunça ýaryşlar geçirilýär. Aýratyn duran bina — söweş sungatlary üçin toplum. Sport oýunlary toplumynyň münberi 15 müň tomaşaçy üçin niýetlenendir, ol ýerde Aziadanyň çäklerinde basketbol, woleýbol, gandbol, çeper gimnastika, badminton, gylyçlaşmak, stoluň üstünde oýnalýan tennis we beýlekiler boýunça ýaryşlar geçirildi.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň binalar toplumy ulanmaga berildi. Şondan öň bolsa, Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy açyldy. Oňa GDA-da iri hokkeý arenalarynyň biri girýär. Buzly köşkleriň ýene-de biri Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýär. Ägirt uly suratly gök aýnalary bolan ak mermerli bina — Olimpiýa suw sport toplumy hem paýtagtymyzyň täze keşbine sazlaşykly goşuldy.
Makalanyň dürli reňkli fotosuratlar bilen ajaýyp bezelendigini bellemek gerek.
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.