Habarlar

Daşkentde geçiriljek halkara maslahata türkmen tarapyndan gatnaşjak wekiliýetiň düzümi tassyklanyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/1543/original-160ef32ea3ac0c.jpeg

Şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Wehimler we mümkinçilikler” ady bilen ýokary derejedäki halkara maslahaty geçiriler.

forum Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda ulag-logistika, energetika, söwda, önümçilik, maýa goýum, täzeçil tehnologiýalar we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar. Maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan, şol sanda birnäçe halkara guramalaryndan wekilleriň gatnaşmagy meýilleşdirildi. Onuň çäklerinde söwda we ulag, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, sebitleýin howpsuzlyk ugurlary boýunça mejlisler geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitiň ýurtlary bilen ýygjam gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, sebitara derejesindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara tejribe hem-de möhüm maglumatlaryň alşylmagyna möhüm ähmiýet berýändigini belledi we Daşkentde geçiriljek halkara maslahata türkmen tarapyndan gatnaşjak wekiliýetiň düzümini tassyklady.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.