Habarlar

“Türkmeniň ak öýi” Balkanabatyň täze binagärlik ajaýyplygyna öwrüldi

https://ussatnews.com/storage/posts/1549/original-160f16a10438a4.jpeg

14 iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýat merkezi Balkanabat şäherinde döwrebap “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we 3000 orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň täze binagärlik ajaýyplygyna öwrülen bu iri durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda guruldy.

“Türkmeniň ak öýi” toplumynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen giň konsert zaly, iş otaglary we beýleki ugurdaş otaglar, eýwan göz öňünde tutuldy. Bu 3 müň orunlyk sadaka üçin aýratyn binany hem öz içine alýan tutuş desgalar toplumydyr. Onuň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyryldy hem-de bagy-bossanlyga büreldi, köp sanly pürli agaç nahallary hem-de bezeg ösümlikleri ekildi, bina gelýän ýol çekildi, bezeg, yşyklandyryş enjamlary gurnaldy.

Ýurdumyzyň günbatar welaýatynyň görküne görk goşjak “Türkmeniň ak öýi” binasy döwletli maslahatlary we dürli köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenilýär. Bu ajaýyp bina şanly seneleri, baýramçylyk we toý dabaralaryny, şowhunly aýdym-sazly çykyşlary hem-de at üstündäki oýunlary guramak üçin ähli şertler döredilen merkeze öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merdana halkymyzyň döwletlilik däplerini özünde jemleýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň Balkan welaýatynda alyp barýan işlerimizi üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orny eýelejekdigini, medeniýetimizi hem-de sungatymyzy ösdürmekde, ýaşlarymyzy watançylyk, millilik, zähmetsöýerlik we ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desga bilen tanyşlygyny tamamlandan soňra, şanly waka mynasybetli guralan welaýatyň sungat ussatlarynyň konsertine gatnaşdy.

Konsert tamamlanandan soňra, milli Liderimiz Hormatly myhmanlar üçin kitaba ýadygärlik ýazgy ýazdy.

Döwlet Baştutanymyz şu günki ajaýyp wakanyň şanyna Balkanabat şäherinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynda işlejek döredijilik toparlary üçin niýetlenilen täze awtobusy sowgat berdi.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.